Ymamlar tarawa namazyna gelýänlere niýetlenen hurmany “öz tanyşlaryna satýar”
“Balkanabat baş metjidiň ymamlary metjidiň paýyna düşen 300 kilogram hurmadan diňe 10 kilogramyny tarawa namazyny okamaga gelen adamlaryň her birine iki däneden paýlap berdiler. Olar onuň galan bölegini öz tanyş-bilişlerine satýarlar” diýip, agzalýan metjidiň bir işgäri hakykatda hurmanyň ählisiniň tarawa namazyna gelýänlere paýlanmalydygyny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlar Türkmenbaşy şäheriniň metjidinde we welaýatyň etrap metjitlerinde hem gaýtalanýar. Bu barada gürrüňi edilýän metjitleriň hojalyk işleri boýunça işgärleriniň we ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi gürrüň berdi.
“Türkmenbaşynyň metjitleriniň paýyna düşen 100 kilogram çemesi hurma hem ymamlar tarapyndan talandy. Halk we garyp hojalyklar hurmanyň “h” harpynam görmediler. Olar her bir kilogram hurmany 50 manatdan satýarlar” diýip, şäheriň metjitleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Sebitiň bazarlaryna aýlanyp gören habarçymyz hususyýetçilerde hurmanyň bir kilogramynyň, hiline görä, 25-120 manat aralygynda bahalanýandygyny aýdýar.
"Ymamlar öz wezipe ygtyýarlyklaryndan mukaddes Remezan aýynda şeýle hyýanatly peýdalansa, galan edara-kärhanalaryň, pudaklaryň ýolbaşçylaryna geň galmagyň geregi hem ýok" diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Saud Arabystany 20-nji fewralda Türkmenistana Oraza aýyna gabatlap 25 tonna hurma gowşurdy. Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň binasynda patyşa Salman adyndaky goldaw-hemaýat merkeziniň iberen 25 tonna hurmasyny gowşurmaga bagyşlanan dabara patyşalygyň Aşgabatdaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän wekil Nawaf Al-Raşid, Türkmenistanyň dini edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şonda türkmen metbugaty sowgat berlen hurmalaryň ýurduň metjitlerine we dini edaralaryna paýlanyljakdygyny habar beripdi.
“Şol 25 tonna hurmadan Balkan welaýaty üçin 1 müň 250 kilogram hurma bölünip berildi. Bu hurma welaýatyň ähli metjitlerine paýlandy” diýip, welaýat häkimligindäki ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Azatlygyň ýokarda aýdylanlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, agzalan metjitlerden we welaýatyň din işleri boýunça edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bellesek, Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 1-nji martyň säheri bilen başlandy we 30-njy mart gijesine çenli dowam edýär. Gündizlerine agyz bekleýän raýatlar agşam çagy metjitlere jemlenip, tarawa namazyny okaýarlar.
Saud Arabystany Türkmenistana geçen ýylyň maý aýynda hem 25 tonna hurmany sowgat beripdi. Şonda hem, hurmalaryň ýurduň metjitlerine we dini edaralaryna paýlanyljakdygy mälim edilipdi.
Türkmen metbugaty bu wakalary “iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi” hökmünde häsiýetlendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.