ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen wekili Aşgabada sapar edýär
Resmi habarda aýdylmagyna görä, diplomatlar türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar we hyzmatdaşlyk formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtap, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Stipraýs Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmek wezipesini Terhi Hakaladan kabul edip aldy we 1-nji martda wezipä girişdi.
Mundan ozal, ÝB-niň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Kaýa Kallasyň Aşgabada sapar edip, resmiler bilen duşuşyk geçirmegi, şeýle-de türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi formatynda geçiriljek ministrler duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilipdi. Ýöne biraz soňra, ýokary derejeli ÝB resmisiniň Aşgabada amala aşyrmaly sapary ýatyryldy we onuň mart aýynyň ahyrlaryna süýşürilendigi aýdyldy.
Bu saparyň öňüsurasynda adam hukuklaryny goraýjylar Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň meseleleriniň gozgalmagyna çagyryş etdiler.
Bu aralykda, ilkinji Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammiti 3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Bu duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kostanyň, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň, hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.