Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Özbegistan ýanwar aýynda dünýäde iň köp mukdarda altyn satyn alan ýurt boldy

0
Bütindünýä gyzyl geňeşiniň maglumatlaryna görä, Özbegistan ýanwar aýynda dünýädäki merkezi banklaryň arasynda iň köp altyn satyn alan ýurt boldy.


Geňeş Özbegistanyň Merkezi bankynyň ýanwar aýynda 8.1 tonna möçberinde altyn satyn alandygyny aýdýar. Munuň netijesinde, ýurduň gyzyl gorlary takmynan 391 tonna ýokarlanyp, umumy gorlaryň 82 göterimine barabar boldy.


Özbegistan bilen bir hatarda Hytaý ýanwar aýynda bäş tonna, Gazagystan 3,8 tonna, Polşa 3,1 tonna, Hindistan 2,8 tonna, Çehiýa Respublikasy 1,7 tonna we Katar 1,3 tonna gyzyl satyn alyp, bu ugurda öň hatarlara çykdy. Bu aralykda,  Russiýanyň gyzyl gorlary aýyň dowamynda 3,1 tonna, Iýordaniýanyňky üç tonna we Gyrgyzystanyňky 1,9 tonna kemeldi.


Biraz öň, Özbegistanyň altyn gorlarynyň bahasynyň ýanwar aýynda rekord derejelere ýetip, 35 milliard dollardan aşandygy habar berlipdi. Bu ýurduň halkara aktiwleri, daşary ýurt walýuta gorlaryndaky azalyşa garamazdan, altynyň bahasyndaky artyşlar sebäpli, 1,72 milliard dollar möçberinde ýokarlandy.   


Altyn öňden bäri howpsuz aktiw hasaplanýar, bu hususan-da ykdysady durnuksyzlyk döwründe şeýledir. Onuň ätiýaç gorlardaky paýynyň ýokarlandyrylmagy walýuta tolgunyşygynyň hem-de beýleki daşarky faktorlaryň töwekgelçiliklerini gowşatmaga ýardam berýär. Bellemeli ýeri, bary-ýogy bir ýyl mundan ozal, Özbegistan 12 tonna altyn satyp, bu gymmatly metaly satmakda dünýäde iň öňdebaryjy ýurt bolupdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

«Теннисным матчем это было не назвать». Рублёв — о вылете на старте турнира в Дубае






Семейную ипотеку в России хотят расширить на семьи с одним ребенком

Сафиуллин вышел во второй раунд турнира в Индиан-Уэллсе

Hisense удерживает мировое лидерство на рынке Laser TV

Хирурги БСМП спасли жизнь пациентке с редкими парными аневризмами мозга