Iş hem ýok, medisina kömegi-de. "Talybanyň" aýallaryň saglygy goraýyş ulgamyndaky işini gadagan etmeginiň ýetirýän täsiri
"Talyban" aýallara okamagy we işlemegi, şol sanda saglyk pudagynda hem gadagan etdi. Jemgyýetiň täze düzgünlerine görä, aýallara erkek lukmanlara ýüz tutmaga rugsat berilmeýär.
Lukmançylyk bilimini alan we Owganystandaky keselhanalarda işlän birnäçe owgan zenanlary häzirki wagtda gadagançylygyň özlerine nähili täsir edýändigi we munuň ilatyň saglyk ýagdaýyna ýetirýän kynçylyklary barada, Nastoýaşeýe Wremýa telekanalyna gürrüň berdiler.
Bellik: makalada gelýän ähli atlar howpsuzlyk sebäpli üýtgedildi, ýöne redaksiýada olaryň şahsyýeti we hünäri barada tassyklamalar bar.
«Men lukman bolup bilmejegimi boýun aldym»
Nangarhar welaýatyndan bolan Marwa atly zenan öz maşgalasynda ilkinji bolup lukmançylyk uniwersitetine okuwa giren gyz.
– Men bu ýoly diňe özüm üçin däl, eýsem oba ýerlerinde aýal lukmanlaryň ýetmezçiligi sebäpli saglyk hyzmatlaryna ýüz tutup bilmeýän ähli aýallar üçin saýladym – diýýär.
Emma ol uniwersitetde doly bilim alyp bilmändir. 2021-nji ýylda "Talyban" häkimiýete eýe bolandan, biraz wagt geçensoň, aýal-gyzlara ýokary bilim gapylary ýapyldy. Şol bir wagtda hususy institutlarda aýallary okuwa kabul etmek dowam edýärdi, Marwa hem akuşerçilik bölümine okuwa girdi.
Ol ýerde bu gyz birnäçe semestr okuwa gatnap bildi. Marwa eýýäm işläp biljekdigine taýýarlyk görýärkä, 2024-nji ýylyň dekabrynda "Talybanyň" saglygy goraýyş ministrligi hususy edaralaryň aýallary okuwa kabul etmegine gadaganlyk girizdi. Näçe wagt okandygyna garamazdan, institutlaryň ýolbaşçylary aýallary çetleşdirip, olara gutardyş ekzamenlerini tabşyrmagy gadagan edip başladylar.
«Men başgalara garanda, bu ugurda mundan beýläk işläp biljekdigime begenýärdim. Men wraç bolup bilmejekdigimi boýun aldym, ýöne iň bolmanda göbegene bolup bilerdim. Arman, indi bar zat gutardy» diýip, Marwa aýdýar.
Gyzlaryň köpüsi özüne we başgalara kömek etmäge çalyşýarlar. Owgan jemgyýetinde höküm sürýän berk kadalary hem düzgünleri berjaý etmäge aýallar borçly. Indi bolsa aýallaryň wezipesi diňe öýde oturmaly. Olaryň işi çaga dogurmak we olary terbiýelemek boldy. Emma indi çaga dogurmak has howply bolup biler.
2024-nji ýylda "Talyban" aýallara işlemegi, ýanynda erkek garyndaşy ýa-da ýanýoldaşy bolmazdan köçä çykmagy, hatda köpçülik ýerinde geplemegi gadagan etdi. Her niçik halda, aýallar henizem kiçi kompaniýalarda iş tapyp ýa-da gizlin işläp bilseler-de, bu gün saýyn kynlaşýar.
Marwa obalarda ýaşaýan garyndaşlarynyň köpdügini aýdýar. Onuň sözüne görä, obadakylara lukmançylyk hyzmatlaryna ýüz tutmak mümkinçiligi örän çäkli, ýerli keselhanalarda tejribeli hünärmenler, hususan-da, aýallar ýetmezçilik edýär. Kesel ýüze çykanda, ol ýerdäki aýallar köne däpler arkaly ýa-da dermanhanalardan wraçyň görkezmesi bolmadyk dermanlary satyn alyp ýa-da serişdeler bilen özlerini bejermäge çalyşýarlar.
Saglyk ýagdaýy agyrlaşan halatynda, aýallaryň ýeke özleri lukmana baryp bilmeýärler, olary ärleri alyp gitmäge borçludyr. Olar bolsa aýalynyň diňe aýal doktorlar tarapyndan barlanmagyny isleýär. "Talybanyň" täze gadaganlyklaryna laýyklykda, aýallar talaba laýyk medisina kömegine eýe bolmakdan düýpli mahrum edildi.
"Owganystan eýýäm enjamlaryň we hünärmenleriň ýetmezçiligi bilen bagly köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Indi bolsa aýallara agyr çäklendirmeler girizildi, ýöne olar ýurduň beýleki aýallary üçin ýeke-täk umyt bolup biler. Häzir ýagdaý öňküsinden kynlaşdy» diýip, Marwa gürrüň berýär.
«Soňky umydymy ýitirdim»
Talyplar häkimiýet başyna gelen badyna diýen ýaly, aýallara ýokary okuw jaýlarynda okamagy gadagan etdiler. Ýöne bu gadaganlyk lukmançylyk okuw jaýlaryna degişli bolmansoň, uniwersitetlerde okaýan gyzlaryň köpüsi öz saýlap alan hünärini üýtgetdi. Olaryň biri Manija. Talyplar häkimiýete gelmänkä, ol hukuk fakultetinde okaýardy. Emma 2022-nji ýylda ol akuşerlik okuwyny geçmek üçin, hususy lukmançylyk institutyna geçmeli boldy.
«Owganystandaky gyzlara bilim almak we işe ýerleşmek aňsat däl, bu aýratynam durmuşa çykanlara kyn. Ýöne meniň bagtyma, ýanýoldaşym maňa okuwymy dowam etdirmäge kömek etdi. Ol hatda mümkinçiligim bolar ýaly, maňa başga welaýatda işlemäge-de kömek etdi» diýýär.
Manija "Talybanyň" okuwa ilkinji gadagançylyk girizende, ýüzbe-ýüz bolan agyr kynçylygyny ýatlaýar. Ol ýaşlykdan aklawçy bolmagy arzuw edipdir. Ony uniwersitetden çykaranlarynda, duçar bolan ruhy sarsgyndan özüni gutulmak üçin, köp wagt gerek bolupdyr. Ol lukmançylyk hünärine geçmekçi bolanynda, taýýarlyk üçin goşmaça okuw kurslaryna gatnaşypdyr, emma "Talyban" muny hem onuň elinden alýar.
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň 2018-nji ýyl üçin maglumatlaryna görä, Owganystanda her 1o müň adama diňe 4,6 wraç, medisina işgäri we akuşer bardy. Bu bolsa ol guramanyň iň az bolanda her 10 müň adama 23 medisina hünärmeniniň zerurdygyny aýdýan derejesinden şeýle aşakdady. UNHCR-yň hasaplamalaryna görä, "Talyban" häkimiýete gelenden soň, 2 milliondan gowrak adam ýurdy terk edip gaçdy. Olaryň köpüsi ýokary derejeli hünärmenler, şol sanda wraçlar hem bardy.
Manija aýallaryň lukmançylyk bilimini almagyna we işe girmek mümkinçiligine gadaganlyk girizmek bilen "Talyban" toparynyň ýagdaýy has-da kynlaşdyrandygyna we onsuzam gowşak saglyk sistemasynyň ýüküni artdyrandygyna ynanýar.
Owganystanda işlemegini dowam edýän wraç Farhad Ýawazi bu pikir bilen ylalaşýar. Ol iş şertlerinde lukmanlaryň biri-biri bilen yzygiderli maslahatlaşyp durýandygyny, hususan-da, agyr ýagdaýlary bolan näsaglar barada pikir alyşýandygyny aýdýar. Häzirki wagtda medisina işgärlerine düşýän ýüküň artandygyny, munuň bolsa işiň hiline we berilýän ýardama täsir edýändigini belleýär.
«Gadagançylyk we çäklendirmeler näçe köp bolsa, şonça-da biz saglygy goraýyş ulgamyny ýitirýäris. Bu ýurtda saglygy goraýyş ulgamy örän ejiz, oňa has ýokary hilli enjamlar, has köp doktorlar gerek – hem erkekler, hem aýallar üçin" diýip, lukman aýdýar.
Ýawazi Owganystanyň öz saglyk ulgamyny ösdürmek bilen, hususan-da, ýurduň içindäki adam resurslarynyň agyr ýetmezçiligi ýagdaýynda, diňe peýda gazanyp biljekdigini belleýär.
«Bejergi almak üçin daşary ýurda gidýän owganlar uly möçberde pul töleýärler. Eger-de erkek hem aýal doktorlaryň köplügini öz içine alýan ýokary hilli saglygy goraýyş ulgamyna ýüz tutmaga mümkinçilik döredilse, bu biziň ýurdumyz üçin uly peýda bolup biler" diýip, Ýawazi aýtdy.
«Maddy azatlyk barada göwün ýüwürtmekden lezzet alýardym»
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, Owganystanda öňüni alyp bolýan ýokanç kesellere garşy ortaça 59% waksinasiýa edilipdir. Bütin Günorta-Gündogar Aziýada bu görkeziji 84%-e barabardyr. 2021-nji ýyldan soň ýurtda gyzamyk, gökbogma, gyzyl örgün we bürmek-ýara ýaly kesellerden ölýänleriň sany artyp başlady.
Owganystan saglygy goraýyş ulgamyny dikeltmäge, täze işgärleri okadyp taýýarlamaga ençeme ýyllary sarp etdi, emma ol işler esasan daşary ýurt kömegine bagly boldy. Ýöne "Talyban" tarapyndan häkimiýetiň ýene-de ele salynmagyndan soň, bu mümkinçilikler azalyp başlady.
Aýallaryň saglygy goraýyş pudagyndan doly çetleşdirilmegi aýallaryň kesellerden hem-de ýaş üstünden ölüminiň artmagyna getirip biler diýip, Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly bilen söhbetdeş bolan aýallar aýdýarlar.
Brişna 2024-nji ýyla çenli akuşerlik we ginekologiýa okuwyny geçýär. 2024-nji ýyla çenli medisina ulgamynda ýörite aýallaryň saglygy bilen bagly işleýän aýallaryň işleri gadagan ediler diýip, ol hyýalyna getirmändir.
Öňki student gyz diňe bir beýleki aýallara kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem ejesine we uýasyna maddy taýdan kömek bermek maksady bilen bu ýörite ugra girendigini aýdýar. Emma häzirki ýagdaýlarda ol öz durmuşyny mundan beýläk nädip gurmalydygyny hem bilmeýär.
Ol çäklendirmeler barada habar alan gününden, ruhy taýdan hasrat çekendigini ýatlaýar.
«Men okaýan wagtymda, pikirimde diňe bir sapaklary özleşdirmek däl, eýsem, maddy azatlyk barada göwün ýüwürtmekden, şol sanda ejem hem uýam üçin eli açyk bolmakdan lezzet alýardym. Soňra bu habar kalbymy pyçak kimin parçalap, şeýle agyr ýaralady. Iň soňky umydym, kömek etmek üçin iň soňky mümkinçiligim ýok boldy" diýip, ol gyz aýdýar.
«Mydama göreş»
Baglan welaýatyndan bolan Farha "Talyban" Owganystanda häkimiýet başyna geçende, akuşer bolmak üçin okaýardy. Ençeme ýyl mundan ozal kakasy ýogalandan soň, ejesine we doganyna öz durmuşlaryny täzeden dikeltmeginiň kyn bolandygyny aýdýar. Şoňa görä bu gyz hünär edinmegi hem maşgalasyna maddy ýardam bermegi arzuw edýär.
Örän dar hem köne däp-dessurlary aşa berk tutýan jemgyýet aýallaryň okamak we işlemek islegini oňlamaýar. Şonuň üçin ilkibaşda maşgala Farhanyň ýokary okuw jaýyna girmegine garşy bolupdy. Welaýatyň çäginde hem "Talyban" bilen Owganystanyň milli goşunynyň arasynda, yzygiderli söweşler bolup geçýärdi. Bu söweşler ýaşaýjylaryň howpsuzlygyna uly täsir edipdi.
«Meniň ýokary okuw jaýynda okap başlamagym üçin, ilki bilen öz maşgalamy ynandyryp, bu mümkinçilikden peýdalanmagym gerekdi. Her bir owgan gyzy şeýle bökdençlikleri ýeňip geçmeli bolýar. Bu aňsat däl, ol mydama göreş» diýip, Farha gürrüň berýär.
Öz maşgalasyny ynandyrandan soň, Farha welaýatdaky hususy institutlarynyň birine okuwa girýär. «Doganym, jemgyýet we hijap geýmek borçlarym meniň üçin uly päsgelçilik däldi. Men bu kynçylyklaryň ählisinden soň, özümi we dogan-garyndaşlarymy begendirjek parlak gelejegiň garaşýandygyny bilýärdim» diýip, ol aýdýar.
Ol okuwyny tamamlanyp barýarka, uniwersitetleriň we saglygy goraýyş pudagyndaky ähli institutlaryň aýallar üçin ýapyljakdygy belli bolýar.
Häzir ol ýanýoldaşy bilen Kabulda ýaşaýar we özüne iş tapjak bolýar. Ýöne indi ol medisina ugurlarynda däl, "Talyban" häkimiýetde galýan wagty ol gapylar onuň üçin ýapyk bolar.
«Hawa, biziň öňümizde ýene bir gapy ýapyldy. Men hem beýleki millionlarça owgan gyzlary ýaly, iň bolmanda azajyk, sähelçe azatlyk üçin, jemgyýetiň we hökümetiň talaplaryna hormat goýmaga taýýardym».