Aşgabatda ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan towugyň dörtden bir bölegini buz emele getirýär
“Alyjylar ýerli towuk etiniň bir kilogramynyň 34 manatdan satylýandygyny göz öňünde tutup, import edilen towuk budunyň her bir kilogramyny elýeter bahadan, ýagny 16 manatdan satyn almaga howlukýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky döwlet dükanlarynda we bazarlardaky söwda nokatlarynda satuwa çykarylan towuk alyjylaryň köpüsini lapykeç edýär.
Alyjylaryň ençemesi munuň sebäbini 4 – 4,5 kilogramdan ybarat gaplanan towuk budunyň 1 kilogramdan gowragynyň buz, suw çykýandygy bilen düşündirýär.
"Olar gizläp hem duranoklar"
“Alyjylar towugyň her bir kilogramy üçin 16 manat tölese-de, hakykatda, olara towuk budunyň bir kilogramy 22-23 manada düşýär. Sebäbi alyjylar öýlerine gelip, buzy aýryp, towuk buduny ölçäp görenlerinde onuň 3 kilogram töweregindedigini bilip galýarlar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“Gülüstan” we “Teke” bazarlaryndaky alyjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, satyjylar bu ýagdaýlar barada şikaýat edýän raýatlara “ýerli towugyň bir kilogramyny 34 manatdan satyn almagy” teklip edýärler.
“Olar gizläp hem duranoklar, “arassa agramyndan satyn almak isleseňiz, ýerli towugy alyň” diýýärler” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň birnäçe işgärleriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, towuk butlary gaplanan paketlere suw ýöriteläp guýulýar we mundan söwda ýolbaşçylarynyň ençemesi bikanun gazanç edýär.
"Girdejini paýlaşýarlar"
“Söwda ministrliginiň Berkararlyk etrabynyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň gaýrasynda ýerleşýän ammarynyň müdiri towuk butly gaplary açdyryp, içine takmynan 7-8 kg agramdaky suwy guýmagy we bir gije-gündiz doňdurmagy buýurýar. Öndüriji tarapyndan bu gaplar 15 kg towuk budy bilen gaplanan. Ýöne olaryň üstüne ýene 7-8 kg suw guýulýar, we olar doňansoň, 4 – 4,5 kg-a bölünip paketlere gaplanýar we ýerli alyjylara satylýar” diýip, ammaryň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu maglumaty döwlet dükanlarynyň birnäçesiniň müdiri hem tassyklap, mundan gelýän goşmaça girdejiniň ministrligiň ýokary derejeli emeldarlarynyň arasynda paýlaşylýandygyny belleýär.
Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, şeýle-de Alyjylar jemgyýeti bilen habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 5-nji martda ministrligiň we jemgyýetiň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ilat arasynda bazar nyrhyndan has arzan bahadan satylýan azyk önümlerine bolan talap ýokary bolmagynda galýar.
Häkimiýetler ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, ilata azyk önümleriniň käbir görnüşlerini ýeňillikli bahadan hödürleýär.
Ýöne käte bu önümleriň ýaramlylyk möhletiniň geçendigi, zaýadygy, ýa-da içine suw goşulýandygy barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek maglumat berdiler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamazdan, “baýramçylyk günlerinde bazarlarda azyk bolçulygynyň we arzançylygynyň döredilýändigini” öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.