Mekdepler gyz okuwçylaryň 'prezident sowgadyny' ýaşyl mata üçin saklap galýar
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, prezidentiň sowgadyny şu ýyl alyp bilmejek okuwçy gyzlar, üstesine goşmaça pul tabşyrmaga borçly edilýär. Pul sowgadynyň mukdary 60 manat, bu pula hödürlenýän matanyň bahasy 70 manat.
"Prezidentiň karary esasynda berlen 60 manadyň üstüne ýene-de okuwçy gyzlaryň ene-atasy 10 manat goşmaly bolar. Iki ýarym metr uzynlykda bir kişilik köýnek üçin okuwçy gyzlara satylýan ýaşyl reňkli matanyň bahasy 70 manat" diýip, aşgabatly mekdep işgäri aýdýar.
Türkmenistanda orta mekdeplerinde okaýan gyzlaryň geýimi ýaşyl reňkli uzyn köýnekden ybarat bolup, onuň üçin matany mekdepleriň özünden satyn almaly.
Ozalky ýyllaryň tejribesine görä, mekdepler ýaşyl reňkli köýnek üçin matany başga ýerden satyn almaga rugsat bermeýärler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmelere görä, prezidentiň pul sowgadyny gyzlaryň okuw köýnegine sarp etmek baradaky karary mekdep direktorlary synp ýolbaşçylaryna, mugallymlar bolsa ony öz okuwçylaryna ýetiripdir.
Mekdepleriň şu ýyl okuwçylaryň 8-nji mart pul sowgatlaryny mata üçin saklap galmak karary ene-atalarda nägilelik döretdi. "Prezident bir eli bilen berip, iki eli bilen yzyna alýar" diýip, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşme belleýär.
Mekdepleriň okuwçy gyzlara niýetlenen pul sowgadyny olara bermän, indiki okuw ýyla köýnek üçin saklap galmagy barada "Türkmenistanyň Hronikasy" (TH) garaşsyz neşiri 3-nji martda habar beripdi.
Maglumata görä, başda bu ýagdaý paýtagtyň №15 we №-50 orta mekdeplerinde ýüze çykypdyr, soňra beýleki okuw jaýlaryna hem degişlidigi anyklanypdyr.
Kiçi synpdaky gyzlara 2 metr mata, ýokary synpdaky gyzlara 2,20 metr mata berilýär. Synp mugallymy tarapyndan berlen matanyň bir metri 30 manat, ýakasy ýene 30 manat diýlip hasaplanýar. Netijede, ýokary synplarda okaýan gyzlar 60 manat sowgadyna ýene-de goşmaça 36 manat, kiçi synplardaky gyzlar goşmaça 32 manat tölemeli diýlip, TH neşiriniň maglumatynda aýdylýar.
Garaşsyz neşir sowgat pulunyň ýerine okuwçylara mata bermek kararyna ýurtdaky maliýe problemalaryň ýa-da bilim işgärleriniň gazanç bähbidiniň sebäp bolmagy belli däl diýip, belleýär.
Türkmen mekdeplerinde gyzlaryň okuw geýimi üçin ýaşyl mata satyn almak talaby her okuw ýylyň soňuna ýakyn berjaý edilýär. Ene-atalar bolsa şol bir matanyň mekdepde bazarlara we dükanlara garanda has gymmat satylýandygyny gürrüň beripdi. Mekdep ýolbaşçylary tarapyndan hödürlenýän bir köýneklik mata bazar nyrhyndan ortaça 30 göterim gymmada düşýär.
Azatlygyň habarçylarynyň ozalky ýyllarda beren maglumatlaryna görä, 2 metr 20 santimetrlik ýaşyl mata okuwçylara 300 manada satylypdy. Bazarda şol bir matanyň bahasy 200 manatdy. Synp mugallymlary okuwçylaryna jaň edip, täze okuw ýyly üçin täze mekdep formasyna niýetlenen ýaşyl matany satyn almak talabyny habar berýärdi.
Prezidentiň ujypsyz pul sowgadyna okuwçylara ýaşyl mata aldyrmak boýunça çäreden başga-da şu günler orta mekdeplerde ählihalk bag ekişlik üçin her okuwçydan 60 manat mukdarda pul toplanýar.
Türkmenistanda ilatdan, şol sanda mekdep okuwçylaryndan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnamak däbi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Azatlygyň habarçylarynyň ýurtdan berýän maglumatlaryna görä, hususan-da, býujet işgärlerinden her aýda milli metbugat, prezidentiň suratlary, döwlet şygarlary we baýdaklary, bag, arassaçylyk, medeni we sport çäreleri, şeýle-de oba hojalygy üçin tutumlar aýlygyň 10%-ne barabar bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.