Ymamlar “syýasaty goldamak” wagyzlaryny ýaýbaňlandyrdy, metjitlerde aýakgap ogurlygy köpeldi
Bu aralykda, metjitlere barýan raýatlaryň aýakgaplarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalar göz-görtele artdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häzir paýtagtyň metjitlerinde ymamlar tarawa namazyna barýan adamlara prezidentiň alyp barýan syýasatyny biragyzdan goldamagy ündeýärler. Olar “hökümetiň syýasatyna garşy bolmaklygyň pitneçilige, ýurtda höküm sürýän asudalygy bozmaklyga barabardygyny” aýdýarlar” diýip, wagyzlary diňlän aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ymamlar “hökümetiň alyp barýan syýasatyny sorag astyna almaklygyň Alla tarapyndan saýlanan hökümdaryň garşysyna gitmeklige deňdigini” hem öňe sürýärler.
“Olar munuň bilen hem çäklenmän, munuň “yslam dinine garşy gitmeklige hem barabardygyny” aýdýarlar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada dünýäniň iň bir ýapyk döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň müftüliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 18-nji maddasynda “dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwletiň işine gatyşmagyna we döwletiň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýändigi” bellenilýär.
Muňa garamazdan, türkmen din wekilleri, şol sanda ýurduň metjitleriniň ymamlary soňky ýyllarda türkmen liderlerini we olaryň alyp barýan syýasatyny ýygy-ýygydan wagyz edýärler.
Synçylar türkmen din wekilleriniň bu ädimlerine ýurtda yslam dininiň syýasata garyşdyrylmagynyň aýdyň subutnamalary hökmünde baha berip gelýärler.
Öýlerine aýak ýalaňaç gaýdýan adamlar
1-nji martda Remezan aýynyň başlanmagy bilen, agşamara metjitlere baryp, tarawa namazyny okaýanlaryň köpelýän mahaly, metjitlerde raýatlaryň aýakgaplarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň sany göz-görtele artdy.
“Soňky günlerde metjitlerden öýlerine aýak ýalaňaç gaýdýan adamlaryň sany ep-esli köpeldi” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şäheriň etrap polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiziň tassyklamagyna görä, metjitlerde aýakgaplary ogurlanan adamlaryň polisiýa arz etmegi bilen bagly wakalaryň sany hem artdy.
“Şol sebäpli metjitleriň köpüsiniň girelgelerinde, köwüş çykarylýan böleklerinde polisiýa tarapyndan goşmaça wideo kameralar oturdylyp, wideo gözegçilik ýola goýuldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň metjitlerinde namaza barýan adamlaryň aýakgaplarynyň ogurlanýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozalky ýyllarda hem maglumat beripdiler.
Ýurduň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary boýunça resmi maglumatlary çap etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.