Tramp zamun alnanlary boşatmasa Hamasy ýok etjekdigini duýdurdy
Bu duýduryş, Ak tamyň Eýran tarapyndan goldanylýan, Gazada ýerleşýän bu ekstremist topar bilen gizlin gepleşik geçirendigini tassyklamagynyň yz ýanynda edildi.
Tramp sosial mediada Hamasdan “zamun alnanlaryň hemmesini, şol sanda ölen zamunlaryň galyndylaryny gijä goýmazdan, häzir boşatmagy” talap edip, “ýogsam siziň üçin hemme zat GUTARDY” diýdi.
“Men Ysraýyla işi gutarmak üçin ähli zerur zatlary iberýärin, meniň aýdyşym ýaly etmeseňiz Hamasyň ýekeje agzasy-da howpsuz bolmaz” diýip, Tramp aýtdy.
Şeýle hem, Tramp Gazanyň halkyna ýüzlenip, “zamun alnanlary saklamasaňyz, owadan gelejek garaşýar” diýdi.
“Eger şeýle etseňiz [zamun alnanlary] saklasaňyz, onda siz ÖLERSIŇIZ!” diýip, Tramp aýtdy.
Tramp Hamas zamun alnanlary boşatmasa, oňa garşy nähili çäre görüp biljekdigini aýdyňlaşdyrmady. Mundan öň, ol Birleşen Ştatlaryň Gazany ele geçirmegini, onuň ilatyny göçürmegi we zolagy täzeden gurmagy teklip edipdi. Bu meýilnama ABŞ-nyň ýaranlary we garşydaşlary tarapyndan gowy garşy alynman, uly seslenme döredipdi.
“Hamas” topary 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla hüjüm edip, 1200-e golaý adamy, esasanam Ysraýylyň raýatlaryny öldürdi we başga-da ýüzlerçe adamy zamun aldy. Munuň yz ýanynda, Ysraýylyň Hamasy zyýansyzlandyrmaga gönükdirilen soňraky hüjümleri, esasan, Gaza zolagynda on müňlerçe adamyň ölmegine sebäp boldy.