Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp NATO agzalarynyň goranyş harajatlaryny artdyrmalydygyny, ýogsa-da ABŞ-nyň hemaýatyna bil baglamaly däldigini aýdýar

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-ny goldamak baradaky isleglerine şübhe bildirip, eger-de Günbatar harby ýaranlygyna agza ýurtlar öz goranyşyna ýeterlik derejede maliýe serişdesini bölüp bermese, onda Birleşen Ştatlaryň olary goramakdan ýüz öwürjekdigini duýdurdy.


“Bu bir sagdyn pikir, dogry dämi?” diýip, Tramp 6-njy martda Ak tamda žurnalistlere aýtdy.


“Eger olar töläp bilmese, men olary goramaryn. Ýok, men olary goramaryn.”


Tramp bu garaýşyny 2017-2021-nji ýyllar aralygyndaky ilkinji prezidentlik möhletinde NATO ýaranlaryna açyk mälim edendigini, netijede agzalaryň köpüsiniň goranyş çykdajylaryny artdyrandygyny, ýöne entek ýeterlik derejede däldigini belledi.


“Olar has köp tölemeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Tramp ilkinji prezidentlik döwründe NATO agzalarynyň goranyş çykdajylaryny jemi içerki önümiň (JIÖ) 2%-ine ýetirmegi talap edipdi. Bu borçnama 2014-nji ýylda kabul edilip, indiki onýyllykda ýerine ýetirilmelidi.


Häzirki wagtda NATO-nyň azyndan 24 agzasy bu talaby ýerine ýetirýär. Şeýle-de bolsa, Tramp soňky beýanatlarynda bu görkezijiniň 5%-e çenli ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny öňe sürdi. Emma köp agza döwletler bu teklibe ykdysady taýdan mümkin däl diýip baha berdi.


Häzirki wagtda diňe Polşa goranyş çykdajylaryny 5% çägine ýakyn ýetirdi. Estoniýa we Litwa hem ýakyn geljekde bu derejä ýetmegi maksat edinýändiklerini habar berdiler.


Trampyň soňky tankydy beýanatlaryna garamazdan, ol fewral aýynyň ahyrynda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer bilen bilelikde çykyş edip, NATO-nyň özara gorag şertnamasy bolan 5-nji maddasyna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklapdy.


Bu pozisiýa fewral aýynda Brýusselde geçirilen NATO-nyň goranmak ministrleriniň duşuşygynda ABŞ-nyň Goranmak sekretary Pit Hegseth tarapyndan hem birnäçe gezek, hem açyk hem-de hususy duşuşyklarda, ýene bir gezek gaýtalandy.


Häzirki wagtda ABŞ-nyň takmynan 100 müň harby gullukçysy Ýewropada ýerleşdirilip, olaryň köpüsi Germaniýada, Italiýada we Britaniýada ýerleşýär.


NATO 1949-njy ýylda, Ikinji Jahan urşundan soň Sowet Soýuzynyň agressiýasyna garşy durmak maksady bilen ABŞ we 11 sany beýleki ýurt tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bileleşik 32 agzany öz içine alýar. NATO-nyň düzümine ozal Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan ýa-da onuň täsirinde bolan birnäçe ýurt hem goşuldy.


Tramp öz çykyşynda NATO-nyň beýleki ýurtlarynyň Amerikany goramak üçin şeýle bir tagalla etmejekdigini öňe sürdi.


“Siz NATO bilen bagly iň uly meselämi bilýärsiňizmi? Men ol adamlary gowy tanaýaryn. Olar meniň dostlarym. Emma ABŞ kyn ýagdaýa düşse we biz: ‘Problema bar, Fransiýa. Problema bar, ýene bir-iki ýurduň adyny agzamak islämok’ diýip ýüzlensek, siz olaryň bizi gorajakdygyna ynanýarsyňyzmy? Olar borçly, ýöne meniň muňa ynamym ýok.”


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Trampyň bu çykyşlaryna, Fransiýanyň wepaly ýaran bolup galýandygyny aýtdy.


“Biz wepaly we ynamdar ýaranlar. Biz hem edil şol wepalylygy talap etmäge haklydyrys” diýip, Makron belledi. Ol Fransiýa bilen ABŞ-nyň harby hyzmatdaşlygynyň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk urşundan bäri dowam edýändigini ýatlatdy.


“Fransiýa bilen ABŞ hemişe birek-birege goldaw berip geldi” diýip, Makron nygtady.


Makron 5-nji martda eden çykyşynda Russiýanyň agressiýasynyň we Waşingtonyň Ýewropany goramak baradaky pozisiýasynyň üýtgemeginiň fonunda Fransiýanyň ýadro galkanynyň Ýewropanyň beýleki döwletlerine giňeldilmegi baradaky gepleşiklere açykdygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Индиан-Уэллсе






На упаковках смесей для вейпов разместят предупреждения о его вреде

«Лукавство – наше всё»: Дзюба оценил подход Карпина в сборной России

Владимир Ефимов: 25 исторических зданий отреставрировали в Москве по программе льготной аренды

Защитная нить: как распознать фальшивые банкноты