Edara-kärhanalarda zenanlara diňe sary reňkde öýme we ýaglyk dakynmak talaby güýje girizildi
Edara ýolbaşçylary ýurtda aýal-gyzlaryň geýimine degişli nobatdaky täze talabyň sebäbini düşündirmezden, diňe “ýokardan berlen görkezme” diýmek bilen çäklenýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji martda Aşgabatdan maglumat berdi.
“Sary öýme ýa-da ýaglyk dakynmak barada täze talap şu ýylyň başyndan tapgyrlaýyn esasda, ýuwaş-ýuwaşdan güýje girizilip başlandy. Ýöne bu, mart aýynyň başyndan bäri doly we berk talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenistanda indi 20 ýyla golaý wagt bäri edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlardan milli köýnek geýmek bilen bir hatarda, başyna öýme ýa-da ýaglyk dakynmak talap edilýär.
Emma mundan ozal aýal-gyzlar üçin baş öýmäniň we ýaglygyň reňkine çäklendirme ýokdy. Durmuşa çykan zenanlar ýa-da gyzlar dürli reňkdäki we gülli öýmäni, ýaglygy dakynyp bilýärdiler.
Talap ÝOJ-laryň talyplaryna hem degişli
“Täze talap ýokary okuw jaýlarynda okaýan zenanlara hem degişli. Gyzlar öňküsi ýaly tahýa talabyny berjaý edýän mahaly, durmuşa çykan talyp zenanlardan sary reňkde öýme dakynmak talap edilýär” diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan talyp zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Edara-kärhanalaryň işgärler bölüminiň ýolbaşçylary aýal-gyzlara bu talaba boýun bolmadyklaryň işden boşadyljakdygyny, okuwdan çykaryljakdygyny hem duýdurýarlar.
Şol bir wagtda, olar aýal-gyzlaryň geýimine degişli nobatdaky talabyň sebäbini düşündirmeýärler. Edara ýolbaşçylary diňe “ýokardan berlen görkezme” diýmek bilen çäklenýärler.
Ýöne paýtagtyň döwlet edaralarynda işleýän çeşmelerimiziň birnäçesi talabyň öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “aýalynyň we aýal doganlarynyň köpçülige sary öýme we ýaglyk dakynyp çykmagy” bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Ýolbaşçylaryň ýaranjaňlygy, aýal-gyzlaryň mertebesi
“Bu ýagdaýy yzarlaýan döwlet emeldarlary ähli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okaýan aýal-gyzlara sary reňkde öýme we ýaglyk dakmak talabyny güýje girizdiler. Sebäbi olar prezidente we onuň kakasyna ýaranjaňlyk etmek isleýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Aýal-gyzlaryň köpüsi hem bu pikir bilen ylalaşyp, döwlet emeldarlarynyň öz wezipesinde oturmak üçin “göz çykgynç hereketlere baş goşup, özlerine tabyn ilata azar berýändigini” aýdýar.
“Bu ýagdaýyň haçan soňy gelerkä?! Aýal-gyzlaryň mertebesiniň depelenmegi haçan soňlanarka?!” diýip, aşgabatly býujet işgäri belleýär.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden teswir alyp bilmedi.
Sary öýme we ýaglyk talaby, paýtagtda aýal-gyzlaryň geýimine degişli çäklendirme barada Azatlyga şu ýylyň başyndan bäri gelip gowşan ikinji maglumatdyr.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda häkimiýetleriň bank pudagynyň ähli zenan işgärleri üçin birmeňzeş ýaşyl reňkdäki milli eşigi geýmek talabyny güýje girizendigi barada habarçylarymyz maglumat berdiler. Aýal-gyzlar onuň üstünden ýaşyl reňkde kürte hem geýmeli edildiler.
Güýçlenen çäklendirmeler, basyşlar
Aýal-gyzlaryň jyns taýdan deňhukuklydygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri zenanlary daş keşbi, geýimi, özüni alyp barşy bilen bagly basyşlara ýyllarboýy sezewar edip gelýärler.
Ýurtda aýal-gyzlaryň daşky keşbi we geýimleri häkimiýetler tarapyndan hemişe berk gözegçilik astynda saklanýar. Soňky onýyllygyň dowamynda güýçlenen bu gözegçilik, Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlige girişmeginiň yzysüre has-da batlanypdy.
Edara-kärhanalarda aýal-gyzlardan milli egin-eşikleri geýmek talaby indi onlarça ýyl bäri bolsa-da, soňky ýyllarda olaryň reňki, görnüşi bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesi güýje girizildi. Aýal-gyzlardan ýakasy dik, ýapyk, döşi görünmeýän milli ýakaly, giň köýnek geýmek, onuň aşagyndan, tomsuň jokrama yssysynda hem, milli balak geýmek talap edilýär.
Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň gözellik hyzmatlaryna, olardan peýdalanmagyna degişli hem çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Häkimiýet wekilleri dilden berýän maglumatlarynda bu çäreleri “milliligi saklamak” bilen düşündirip, aýal-gyzlara tebigy gözelligi wagyz etdiler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.