Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Saglyk desgasynyň gurluşyk meýdanyna amala aşyrylan sapar pudakdaky problemalara çyra tutdy

0
“Gurlup ulanylmaga berilýän kaşaň-kaşaň klinikalarda ýa-da hassahanalarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryndan baş çykaryp bilýän lukmanlar ýok, heý şu ýagdaýy bir göreňizokmy!?” diýip, türkmen dilli onlaýn pikir alyşmalarda Aşgabatdaky Halkara pediatriýa merkeziniň  gurluşyk meýdançasyna amala aşyrylan ýokary derejeli sapar teswirlenýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, täze halkara merkeziň  gurluşyk meýdançasyna baryp gördi diýip, döwlet telewideniýesi habar berýär.


Berdimuhamedow saparynyň dowamynda lukmançylyk edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleri bilen tanyşdy diýip, resmi habarlarda aýdylýar.




Ýurduň ýokary derejeli saglyk resmileri gurluşyk meýdançasynda geçirilen iş maslahatynda halkara saglyk merkezindäki “lukmançylyk enjamlarynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde ilkinji gezek ornaşdyryljak häzirki zaman lukmançylyk enjamlary” bolandygyny aýtdy.


'Hyýal we hakykat'

Ýurduň saglyk pudagynda bar bolan dowamly kemçiliklerden şikaýat edýän raýatlaryň birnäçesi gurluşygy dowam edýän lukmançylyk desgasyna amala aşyrylan ýokary derejeli iş saparynyň döwlet telewideniýesinde görkezilip, saglyk pudagyndaky ösüşleriň wagyz edilmegini “propaganda” häsiýetlendirdiler hem-de ýurduň lukmançylyk pudagyndaky käbir gözgyny ýagdaýlara ünsi çekdiler.


“Utançly bolsa-da aýdaýyn, ýöne ýurduň paýtagtynda ýaşabam, ukyply we öz işini bilýän ginekologlary, akuşerleri we pediatorlary tapyp bilemizok. Bu bir akla sygmajak zat. “Ene mähri” merkezinde bir giden medisina enjamlary bar, emma olary hiç bir lukman işledip bilenok” diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, üç çaganyň ejesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


“Lukmançylyk atiýaçlandyryş ulgamy hem doly çagşady, onda näme manynyň galandygyna-da düşünip bilemok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Ýurt raýatlary, hususan-da sebitleriň ýaşaýjylary ýurduň saglyk pudagynda ýyllarboýy dowam edýän problemalardan şikaýat edip gelýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şeýle şikaýatlaryň fonunda, mundan ozal, mümkinçiligi bolan türkmenistanlylaryň saglyk bejergilerini almak üçin, Hindistan, Eýran, Türkiýe, ýa-da Özbegistan ýaly ýurtlara gidýändigini habar berdiler. Şeýle habarlar ýurduň lukmançylyk pudagynyň kadr meselelerine, öz işine ussat kämil lukmanlaryň taýýarlanylmagy bilen bagly problemalara ünsi çekipdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan paýtagtly ene ýurtda üpjünçiligi pes hojalyklara döwlet lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň üpjün edilmeýändigini aýtdy.


Ätiýaçlandyryş we kadr meselesi

Änew şäherinden bolan birnäçe pensioner habarçylarymyz bilen gürrüňdeşlikde  ýurtda ilatyň talaplaryny ödäp biljek saglygy goraýyş ulgamynyň ýokdygyny, paýtagtyň köp sanly bejeriş merkezilerine garamazdan, olarda ýörite ugurlar boýunça aýratyn hünärmenleriniň ýokdugyny, meselem, käbir lukmançylyk merkezlerinde neýrohirurgiýa, gastroenterologiýa, endokrinologiýa, wenerologiýa we onkologiýa ugurlary boýunça lukmanlara derek, maşgala lukmanlarynyň ýa-da adaty terapewtleriň işleýändigini aýtdylar.


Ýurduň beýleki sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan raýatlar hem birmeňzeş şikaýatlar bilen “saglyk pudagyndaky nogsanlyklara” ünsi çekdiler.


Olar döwlet lukmançylyk ulgamynyň doly çagşandygyny, raýatlaryň lukmançylyk hyzmatlaryna bolan elýeterliliginiň üpjün edilmeýändigini aýtdylar.




Bu ulgamda hojalyk hasaplaşygyny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, hünärmenlere görä, ilatyň, hususan-da gurby pes maşgalalaryň saglyk hyzmatlary bilen üpjünçiligini çäklendirdi.


“Döwlet lukmançylygy doly çagşady, hiç hili mugt bejergi ýok, her bir ädimiň pul. Ýöne şunça beren puluňa görä netijeli bejergi alyp bilmeýärsiň. Gowusy, şol puly men hususy klinika töläýin, ýöne jogapkärli we netijeli kömek alaýyn” diýip, maryly býujet işgäri aýdýar.


Bu aralykda, ýerli synçylar ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň fonunda, häkimiýetleriň basyşlaryna garamazdan, ýurtda kesel çagalary üçin halkdan kömek soraýan adamlaryň köpelendigini, öňler olaryň aglabasynyň hökümede ýüzlenip, kömek soran bolsalar, häzir olaryň köp halatda diňe halkdan haraý soraýandyklaryny aýdýarlar.


Gurbanguly Berdimuhamedow saglyk desgasynyň gurluşyk meýdançasyna amala aşyran iş saparynda “öňdebaryjy enjamlar bilen işlejek hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de işlerde emeli aň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň lukmançylyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigini” belledi.


Halk Maslahatynyň başlygy Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň yz ýany, penşenbe güni Arkadag şäheri boýunça hem iş saparyny amala aşyrdy, ol ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Индиан-Уэллсе






Признала вину и вышла замуж: новые подробности дела Александры Митрошиной

Ефимов: 25 зданий отреставрировали в Москве по программе льготной аренды

Генич — о рекордном голе Дзюбы: величайший бомбардир

Владимир Ефимов: 25 исторических зданий отреставрировали в Москве по программе льготной аренды