Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Garward uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplara bilim bermek hukugy ýatyryldy

0

ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplary kabul etmäge hukugyny ýatyrdy. Mundan başga-da, prezident Donald Trampyň administrasiýasy häzirki wagtda uniwersitetde okaýan daşary ýurtly talyplary beýleki ýokary okuw jaýlaryna geçmäge mejbur edýär, ýogsa olaryň Birleşen Ştatlarda kanuny ýaşamak hukugy ýatyrylyp bilner. Bu barada 22-nji maýda ýurduň Içeri howpsuzlyk departamenti mälim etdi.

Departamentiň ýolbaşçysy Kristi Noem uniwersitetiň talyplaryň alyş-çalyş maksatnamasynyň sertifikasiýasyny ýatyrmagy buýurdy we Garwardy “zorlugy höweslendirmekde, antisemitizmi goldamakda hem-de Hytaý Kommunistik partiýasy bilen utgaşykly hereket etmekde” aýyplady.

Garward uniwersitetiniň ýolbaşçylary Trampyň administrasiýasynyň bu kararyny kanuna garşy diýip atlandyrdylar we munuň ýokary okuw jaýynyň ylmy we akademik missiýasyna zyýan ýetirýändigini bellediler. Uniwersitet bu ýagdaýdan zyýan çeken talyplara goldaw berjekdigini mälim etdi.

Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda Garward uniwersiteti jemi 6 müň 800-e golaý daşary ýurtly talyby kabul etdi. Bu bolsa uniwersitetdäki ähli talyplaryň 27%-ne barabardyr.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса