Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

CPJ Gyrgyzystanyň prezidentini “howply” KHS baradaky kanuna weto goýmaga çagyrdy

0

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowy köpçülikleýin habar serişdeleri (KHS) baradaky täze kanuna weto goýmaga çagyrdy. Bu kanun ähli metbugat neşirleriniň döwlet edarasynda hasaba alynmagyny talap edýär we daşary ýurt ýuridiki taraplarynyň metbugat serişdelerini esaslandyrmagyny ýa-da eýeçiligini gadagan edýär.

Parlament bu kanuny 25-nji iýunda kabul etdi we soňky iki ýylyň dowamynda žurnalistleriň gatnaşmagynda işlenip düzülen kanunyň aram görnüşini ret etdi. Täze kanun ygtyýarly döwlet edarasyna haýsy metbugat serişdeleriniň işläp biljekdigini kesgitlemek hukugyny berýär.

Žaparow mundan öň, 2024-nji ýylyň martynda, žurnalistleriň we halkara hukuk goraýjy guramalarynyň güýçli tankytlaryndan soň, şuňa meňzeş kanun taslamasyny ýatyrypdy.

Täze metbugat kanuny ozal sebitiň metbugat azatlygynyň nusgasy hasaplanan Gyrgyzystanda garaşsyz žurnalistikanyň yzygiderli basyşlara duçar bolýan döwründe kabul edilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса