Türkmenistanda tussaglykda saklanýan aktiwist Myrat Düşemowyň täze jenaýat işi boýunça sud diňlenişigi iýulyň aýagynda geçiriler. Bu barada işi alyp barýan sülçi Düşemowyň ejesine mälim etdi diýip, turkmen.news neşiri ýazýar.
15-nji iýulda Täzegül Mammedowa nobatdaky gezek ogluny görmek üçin Türkmenabada geldi. Düşemow häzir Türkmenabatdaky LB-D/9 (“Abdy Şükür”) türmesiniň deslapky tussaghanasynda saklanýar. Emma ejä tussaglykdaky ogluny görmäge rugsat berilmedi.
Maglumata görä, Düşemowyň işine seredýän sülçi kazyýet diňlenişiginiň “10-15 günden boljakdygyny” belläp, anyk senäni aýtmandyr.
Myrat Duşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda sud edilip, adamy talamakda we bedenine ortaça agyrlykdaky zeper ýetirmekde günäli tapyldy we dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Duşemowa garşy bildirilen aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp, onuň raýat pozisiýasyny açyk beýan edendigi, kanuny haklaryny, adam hukuklaryny talap edendigi üçin toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.
Düşemow tussaglygy LB-E/12 koloniýasynda geçirdi. Onuň tussaglyk möhleti 14-nji iýunda dolsa-da, ol öýüne dolanmady.
Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, oňa boşadylmagynyň öňýany prowokasiýa gurnalyp, ony täze aýyplamalar esasynda saklapdyrlar. Azatlyga çykmazyndan ozal bir tussag oňa garşy şikaýat edipdir.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" (HRW) guramasy türmede oturan aktiwistiň täze şübheli aýyplamalara sezewar edilendigini belläp, türkmen häkimiýetlerinden Myrat Duşemowy derrew we şertsiz boşatmagy, şeýle-de onuň tussaglygyny uzaltmak üçin edilýän kemsidiji tagallalardan el çekmegi talap etdi.
Bungie promises to fix Destiny 2's new metroid-style morph ball as it makes players sick and glitches out on ultrawide monitors
The dairy industry would like Gen Z to drink more milk, so they made a Fortnite diner tycoon game
Настройки GameHub и Winlator для игры в Prey (2017) на Android
Microsoft warns of 'active attacks' on its government and business server tech, with one cybersecurity expert claiming that they should 'assume that you have been compromised'
Москвичей предупредили о задержках наземного транспорта из-за ливня
Сильный ливень заблокировал людей в авто в центре Москвы
Рискнул на 100 тысяч рублей: инженер из Смоленска купил более 1,7 тысячи лотерейных билетов и выиграл автомобиль от «Национальной Лотереи» и РОЛЬФ на VK Fest
25 июля пилотажная группа "Звезда" пролетит над пробками на шоссе под Москвой