Adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan syýasy tussag hökmünde ykrar edilen garagalpagystanly aktiwist Jumasapar Dädebaýew Özbegistanyň Nawoýy şäherindäki koloniýadan Buhara welaýatynyň Kagan şäherindäki has ýeňil düzgünli tussaghana geçirildi. Bu barada Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.
Maglumata görä, şu ýylyň 2-nji iýunynda Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky ýörite komissiýa Dädebaýewi günä geçişlige goşmakdan ýüz öwürdi.
Etniki türkmen Jumasapar Dädebaýew Garagalpagystanyň Hojeýli etrabynda doguldy. Ol 2008–2016-njy ýyllarda Moskwada ýaşap, soňra Türkiýä göçdi we şol ýerde syýasy işjeňlige başlady. Dädebaýew Garagalpagystanyň Özbegistanyň düzüminden çykmaga konstitusion hukuklarynyň bardygyny öňe sürdi, şeýle-de garagalpagystanly türkmenleriniň “Dostluk” partiýasyny esaslandyrdy.
2019-njy ýylda Özbegistanyň häkimiýetleri ony halkara gözlegine yglan etdi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýäniň häkimiýetleri Dädebaýewi tussag edip, Özbegistana ekstradisiýa etdiler.
Daşkentde geçirilen sud Jumasapar Dädebaýewi “Özbegistanyň prezidentini kemsitmek”, “häkimiýete töhmet atmak”, “terrorçylygy wagyz etmek we genoside çagyrmak”, şeýle-de “Özbegistanyň konstitusion gurluşyny agdarmaga synanyşyk” ýaly aýyplamalar esasynda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud ýapyk tertipde geçirildi.
2024-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Dädebaýew Nawoýy şäherindäki berk düzgünli koloniýanyň ýeke adamlyk kamerasynda saklandy. Koloniýanyň administrasiýasy ony içerki düzgünleri “bozmakda” aýyplady.
The dairy industry would like Gen Z to drink more milk, so they made a Fortnite diner tycoon game
Microsoft warns of 'active attacks' on its government and business server tech, with one cybersecurity expert claiming that they should 'assume that you have been compromised'
Краткая биографическая справка о центральных персонажах Mafia: The Old Country
Brütal Legend is free in honor of Ozzy Osbourne, but only for 666 minutes
Сотрудники Волоколамского ОВО – филиала ФГКУ «УВО ВНГ России по Московской области» приняли участие в памятных мероприятиях, посвященных Дню ветерана боевых действий.
Несколько автомобилей столкнулись на внешней стороне 92-го км МКАД
Кара небесная: людей какого типа молния поражает смертельным ударом
В Ростовской области обломки БПЛА привели к задержке 10 пассажирских поездов
В Ростовской области обломки БПЛА привели к задержке 10 пассажирских поездов
Сотрудники Волоколамского ОВО – филиала ФГКУ «УВО ВНГ России по Московской области» приняли участие в памятных мероприятиях, посвященных Дню ветерана боевых действий.
Увοлeн Γуcмaн, οпοɜοpивший Ροccию. Дaдут инοaгeнтa или пοвыcят?
Вертолет Robinson, рухнувший в Телецкое озеро, совершал свой первый полет