Türkmenbaşyda dynç alýanlaryň ençemesi myhmanhanalary terk etmäge mejbur edildi
Soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenbaşyda dynç alýanlaryň ençemesi şäherden çykarylyp, olara dynç alyşyny togtatmak ýa-da başga ýere gitmek teklip edildi. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri tomusky dynç alyşyny deňiz boýunça geçirmek üçin ýurduň dürli böleklerinden baran adamlaryň Türkmenbaşydan gidip, deňziň ýakasyndaky beýleki ýerlerde, şol sanda Çelekende täze ýer gözlemeli bolandygyny habar berdiler.
"Myhmanhanalarda puluny töläp dynç alýan myhmanlardan myhmanhanalary tizräk boşatmak talap edildi. Olara tölän pullary hem yzyna berilmedi" diýip, balkanly çeşmeleriň biri hepdäniň başynda ýüze çykan bu ýagdaý barada gürrüň berdi we munuň sebäbiniň düşündirilmändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem ýurduň dürli böleklerinden baryp, dynç alýan adamlaryň Türkmenbaşynyň myhmanhanalaryndan çykarylmagynyň sebäbini anyklap bilmedi.
Bu ýagdaýlar Türkmenbaşynyň golaýyndaky "Awaza" syýahat zolagynda awgustda BMG-niň halkara forumynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyklaryň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy.
Bu aralykda Türkmenbaşy şäherindäki aeroportyň hem ýapylyp, hususan-da içerki reýsleriň Balkanabat şäherine geçirilendigini balkanly çeşmeler aýdýarlar.
Türkmenbaşyny terk eden dynç alýanlaryň ençemesi Çeleken şäherine barmaly bolupdyr.
"Deňiz kenarynda dynç almak üçin Çelekene gelenler, şäheriň kenary örän hapa diýip nägile bolýarlar" diýip, çelekenli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Onuň sözlerine görä, dynç almak üçin gelenler bu ýerdäki hapaçylykdan zeýrenýärkä, Çelekeniň ýerli ýaşaýjylary kenary hapalaýanlar myhmanlaryň özleri diýip hasap edýärler, şeýle-de ýerli häkimiýetleriň arassaçylygy üpjün etmek üçin zerur işleri ýola goýmaýandygyna ünsi çekýärler.
"Hapaçylyga myhmanlaryň özleri sebäpkär bolýarlar, ýöne ýerli häkimiýetler Çeleken şäheriniň kenaryny arassalamak we zir-zibil üçin çelek oturtmak işini ýola goýman, öz wezipelerine sowuk-sala garaýar" diýip, çelekenli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan suratlarda kenaryň göze ilýän tutuş giňişliginde hapa-hupalaryň pytrap ýatandygyny görmek mümkin. Suwuň gyrasyndaky çägä kagyz, çüýşe we azyk galyndylary garylyp, çaşyp ýatyr.
Çelekenden tapawutlylykda Türkmenbaşyda adaty raýatlaryň dynç almagyny çäklendirýän häkimiýetler kenar ýakasyny arassalamak işlerini geçirýär.
Hususan-da, bu işlere ýerli döwlet edaralaryň işgärleri çekilýär. Bu işleriň guramaçylygyndan gönüden-göni habarly çeşme býujetçileriň tutuş Balkan welaýatyndan getirilýändigini aýdýar.
"Türkmenbaşy we Awaza aralygynda deňiz kenarlaryndaky gamyşlary arassalamak işlerine dynç alyşdaky mugallymlary, lukmanlary we jemagat işçilerini çekdiler. Welaýatdaky ähli etraplaryň býujet işgärleriniň köpüsi ýatymlaýyn Türkmenbaşa getirildi" diýip, çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, arassaçylyk işlerini mugtuna berjaý etmäge mejbur edilýän býujetçiler kadaly ýatmak we ýuwunmak üçin şertler bilen üpjün edilmeýär, olar çadyrlarda ýatyp-turmaly bolýar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Balkan welaýatynyň häkimliginden we Türkmenbaşy şäheriniň administrasiýasyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Elýeterli dynç alyş zolaklary azalýarHabarçylarymyz soňky ýyllarda Türkmenbaşynyň we Awazanyň ýurt ilatynyň dynç almagy üçin esasy ýere öwrülendigini, sebäbi beýleki zolaklaryň ýapylýandygyny we raýatlaryň barmagynyň gadagan edilýändigini belleýärler.
Ozalky ýyllarda örän meşhur bolan we onlarça ýyllap köpçülige elýeterli bolan paýtagtyň golaýyndaky Pöwrize, Çüli we Gökdere ýaly ýerler ýapyldy, ýa-da çäklendirildi. Köpetdagyň jülgelerinde ýerleşýän çeşmeli salkyn zolaklar ilatyň köp halaýan dynç alyş ýerleridi.
Habarçymyz raýatlaryň baryp bilýän tebigy zolaklarynyň sanynyň gitdigiçe azalýandygyny aýdýarlar.
"Ahal welaýatynyň öňki merkezi Änew, häzir Akbugdaý şäherinden ilerligine Köpetdagyň alkymynda ýerleşýän Manyş obasyny hem ýykyp, ilatyny göçürip, polisiýanyň nobatçylyk çekýän nokatlaryny oturtdylar. Halk Manyş jülgesine barmakdan we öň oba ýaşaýjylarynyň içen çeşmesinden suw içmek mümkinçiliginden mahrum edildi" diýip, türkmenistanly çeşme aýdýar.
Habarçylarymyzyň bellemegine görä, tomus aýlarynda howanyň gyzgynlyk derejesi 50 gradusa golaýlanda şäherleriň beýik beton jaýlaryndan gaçyp, salkynrak ýer gözleýän türkmenistanlylarda Hazar deňziniň kenarynda dynç almakdan başga örän çäkli mümkinçiligi bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.