Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Türkiýede deportasiýa merkezinde saklanan wagty ýitirim bolan Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy. Türkmen aktiwistleri Sahatowyň we Abdylla Orusowyň bir hepde bäri nirededigi näbelli galýar, olaryň aklawçysy Türkiýäniň prezident edarasyna ýüzlendi.
Gülala Hasanowa iki türkmenistanlynyň ýitirm bolanlygy barada 29-njy iýulda Sinop şäheriniň prokuraturasyna arza bilen ýüz tutdy.
Gülalanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol soňky gezek adamsy bilen 24-nji iýulda agşam gepleşipdir. Emma maşgalasyna günde jaň edýän Alişer Sahatow 25-nji iýulda ne irden, ne-de soň jaň edipdir.
Oňa derek deportasiýa merkezinden jaň eden başga bir adam onuň Edirnedäki deportasion merkezinden agşam Sinopa äkidilendigini habar beripdir.
"24-nji iýulda sagat 19:57 [Alişer] bilen gepleşdim. 25-nji iýulda maňa 11:55-de jaň geldi, deportasiýa merkezinden, emma ol Alişer däl-de, onuň bilen bile bir ýerde oturan adamlardy. Olar Alişer alnyp gidildi diýdi. Alişer olara meniň nomerimi beripdir" diýip, Gülala gürrüň berdi.
Aklawçy bu maglumatlary barlamak üçin Edirnedäki deportasiýa merkezine baranda oňa bir ýerde saklanan Sahatowyň we Orusowyň Sinop şäherine geçirlendigi aýdylypdyr. Emma Sinopda olaryň barandygy tassyklanmandyr.
28-nji iýul, duşenbe güni Hasanowa adamsyny we onuň egindeşini Sinopda tapmaga synanyşyp, migrasiýa gullugyna barypdyr, emma oňa diňe olaryň Edirnedäki deportasiýa lagerinden äkidilendigi tassyklanypdyr we polisiýa ýüz tutmak maslahat berlipdir. Polisiýa zenanyň gözleg haýyşyny kabul edip, Sahatow bilen Orusowyň ýurduň serhetinden geçmändigini aýdypdyr.
"Habar ýok. Baryp-gelip durýaryn. Emma olar serhetden geçmedi diýip aýtdylar, ýagny olar Türkiýäniň içinden çykmandyr. Bu barada maňa [Sinopdaky] migrasiýa gullugyna baranymda aýtdylar" diýip Gülala Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkmen aktiwistlerini Türkmenistana ugratmazlyga çagyryş edip gelýän halkara guramalary olaryň ykbalyna aladalanma bildirýärler.
Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasy düýbi Gollandiýada ýerleşýän garaşsyz "Turkmen.News" neşiriniň Sahatowyň we Orusowyň 28-nji iýulda Türkmenistana ekstradisiýa edilendigi barada habar berendigini belläp, bu ýagdaý hakykata laýyk bolsa, Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýar diýip belledi.
"Türk häkimiýetleri ekstradisiýa haýyşyny alan hem bolsalar, Konstitusiýa kazyýetiniň karary Orusowyň we Sahatowyň deportasiýa edilen halatynda ýüzbe-ýüz bolup biläýjek howplaryna baha bermek üçin maglumat we resminamalara eýe bolýança bu adamlary Türkmenistana ekstradisiýa etmegi gadagan edýär" diýip, HRW gurmasynyň 30-njy iýulda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Gurama Türkiýäniň adam hukuklary baradaky Ýewropa konwensiýasy, Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnama, Gynamalara we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşme ýa-da jeza baradaky konwensiýa we 1951-nji ýylyň bosgunlar konwensiýasy ýaly dokumentleriň ýörelgelerini berjaý etmäge borçludygyny ýatladýar.
Turkmen.news neşiri öz çeşmesine salgylanyp, olaryň 28-nji iýulda irden Türkmenistana ekstradisiýa edilendigini habar berdi. Neşiriň 29-njy iýulda çap eden bu habarynda "häzir bu maglumaty barlamak mümkin däl" diýlip bellendi.
Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber: "Alişer Sahatowa we Abdulla Orusowa Türkiýede fiziki zuluma sezewar edilmek ýa-da gizlinlikde Türkmenistana alnyp gidilmek howpy abanýar" - diýdi. "Türk häkimiýetleri bu adamlaryň ýitirim bolmagy boýunça çalt we netijeli derňew geçirmeli we olaryň çynlakaý yzarlama howpuny abandyrýan Türkmenistana iberilmezligini üpjün etmeli" diýip Reýçel Denber belledi.
"Türkmen Helsinki Fondunyň" (THF) 30-njy iýulda çap eden habarynda hem Sahatowyň we Orusowyň ekstradisiýa edilendigi barada turkmen.news tarapyndan çap edilen habar agzaldy. Şeýle-de, maglumatda ABŞ-da ýerleşýän türkmen aktiwisti Talyp Abbasowyň Sahatowyň we Orusowyň henizem Türkiýäniň territoriýasynda ýerleşýändigi barada aýdýandygyny bellendi.
Sahatow we Orusow bir günde tussag edilip, 28-nji aprelden bäri Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklandy.
39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edildi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalar gozgaldy. Kanalynyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.
Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
3-nji iýunda Türkiýäniň parlament agzasy we adam hukuklaryny goraýjy Omer Faruk Gergerlioglu türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrdy. Ol Türkiýede adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Abdulla Orusowyň we Alişer Sahatowyň Türkmenistana ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrdy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda hökümet tankytçylarynyň ýanalýandygyna we rehimsizliklere sezewar edilýändigine ünsi çekýärler.
2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden zor bilen Türkmenistana ençeme adam şol sanda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow alnyp gidildi. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.