Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Balkanda arzan bahadan doňdurylan et adam başyna bir kilogramdan satylyp başlandy

0
Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden soň, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde hem adatdakysyndan üç esse arzan bahalanýan doňdurylan et satuwa çykaryldy. Bu waka, ýurtda soňky birnäçe aýyň dowamynda etiň bahasynyň takmynan 40% gymmatlan mahalyna gabat geldi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi arzan etiň satuwa çykarylmagyny, “häkimiýetleriň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ilatyň gözüni boýamak boýunça nobatdaky çäresi” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Balkanabadyň Daýhan bazarynyň et söwdasy bölüminde doňdurylan üwelen et arzan bahadan satylyp başlandy. Onuň iki görnüşi – üwelen we süňkli – satylýar. Onuň üwelen görnüşiniň 1 kilogramy 30-33 manat, süňkli görnüşi 27 manat bahalanýar” diýip, etden satyn almaga baran balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Satyjylar bu etiň Russiýadan getirilendigini aýtsalar-da, onuň nämäniň etidigi barada anyk maglumat bermeýärler. Ýaşaýjylaryň ençemesi etiň tagamsyzdygyny we onuň sygyr etine meňzemeýändigini belleýär.
Muňa garamazdan, şu hepdäniň başyndan satuwa çykarylan bu etiň hyrydary köp bolup, bazaryň et söwdasy bölümine etden satyn almak isleýän adamlaryň ýüzlerçesi barýar.
"Gazan gaýnatmaga bolsa bolany"“110 manada ýerli göläniň etini ýa-da 45 manada towuk etini satyn almaga pulumyz ýetmeýär. Gazan gaýnatmaga bolsa bolany” diýip, balkanabatly ýene bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz hepdäniň ilkinji günlerinde bu etden her adam başyna birnäçe kilogramdan satylandygyny, ýöne soňky günlerde ondan günde diňe bir kilogram satyn alyp bolýandygyny belleýär.
“Her gün müňden köp adam ir sagat 8 bolmanka eti satyn alyp gutarýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.
Şol bir wagtda et söwdagärleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, döwlet emeldarlarynyň tanyşlarynyň bu etden kesgitlenen agramdan ençeme esse köp satyn almagyna rugsat berilýär.
“Olar satyn alan ençeme kilogram etini bazaryň beýleki künjegine geçip, 1 kg üwelen eti 50 manatdan, 1 kg süňkli eti 35 manatdan satýarlar. Olar her bir kilogram etden 8-15 manat gazanç edýärler” diýip, et satyjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
"Ýerli eti satyn almak arzuw bolup galýar"Türkmenistanyň welaýatlarynda, şol sanda paýtagtda soňky birnäçe aýyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda takmynan 40% gymmatlady. Iýul aýynyň başynda bir kilogramy 80-90 manat bahalanan çylka sygyr eti häzirki wagtda 110-120 manatdan satylýar.
Ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz munuň bilen bagly ilat arasynda aç-açan nägilelikleriň artýandygyny synlasa bolýandygyny aýdýarlar. Etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylary hem ýygy-ýygydan wideo maglumatlary paýlaşýarlar.
Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler şu aýdan başlap Ahalda we Aşgabatda daşary ýurtlardan import edilendigi aýdylýan, alyjylar tarapyndan tagamsyz we ýakymsyz ysly häsiýetlendirilýän, doňdurylan eti arzan bahadan satuwa çykardy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi we ýerli synçylaryň birnäçesi muny “häkimiýetleriň 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ilatyň gözüni boýamak boýunça nobatdaky çäresi” atlandyrýar.
“Köp adam üçin ýerli eti satyn almak arzuw bolup galýarka, olar iýmitiň hiline üns bermeýärler. Adamlar arzan et iýsek bolýar, näme et bolsa bolany diýýärler. Şeýdip, häkimiýetler adamlara, hamala, arzan et bar ýaly edip görkezip, olary köşeşdirjek bolýarlar” diýip, azyk üpjünçilik meselelerine syn edýän balkanabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Adatça Türkmenistanda uludan bellenilýän baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, azyk harytlarynyň käbir görnüşleri arzan bahadan satuwa çykarylýar. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär we baýramçylykdan sanlyja gün soň aradan aýrylýar.
Hökümet ýygnaklarynda we döwlet mediasynda ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy tekrarlansa-da, azyk önümleriniň, etiň gymmatlamagy ýa-da arzan et söwdasy barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса