Pawel Durow Kolsaý kölünde suwa düşeninden soň, Gazagystanda derňew geçirildi
Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy Pawel Durow Gazagystana eden sapary wagtynda, Astanada emeli intellekt forumyna gatnaşdy we hökümet işgärleri bilen duşuşdy, Kolsaý kölünde buz ýaly suwa düşdi.
Durow suwa düşýän pursatynda ýazgy edilen wideony öz telegram kanalynda çap edip, “Hezil edip suwa düşdüm” diýip ýazdy.
Bu köl aýratyn goralýan tebigy ýerlere degişli. “Kolsaý köli” milli seýilgähiniň düzgünlerine laýyklykda, syýahatçylara bu kölde suwa düşmek gadagan edilýär.
Milli seýilgäh Durowyň bu kölde suwa düşmegi bilen bagly gulluk derňewiniň başlanandygyny habar berdi.
Şol bir wagtda, seýilgäh öz işgärleriniň hiç bir düzgüni bozmandyklaryny we şu sebäpden Durowa jerime salynmajakdygyny aýtdy.
Pawel Durow Astana halkara “Digital Bridge” forumyna gatnaşmak üçin geldi. Ol Astanada bolanyndan soň Almaty şäherine gitdi.
Almaty häkimligi 7-nji oktýabrda Durowyň häkim Darhan Satybaldy bilen duşuşandygyny habar berdi. Olar AI laboratoriýasyny döretmek, IT pudagynda zehinli ýaşlary taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen internat açmak we emeli intellekti bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdylar.