Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenabat polisiýasy bazarlardaky et bahalaryna 'berk gözegçilik' edýär

0
Türkmenistanda mal etiniň ýetmezçiligi we bahalaryň dowamly gymmatlamagy barada berilýän habarlaryň fonunda, Türkmenabat şäherinde iri şahly we ownuk mallaryň etiňiň bahasy 120 manat bolanlygyndan 90 manada çenli arzanlady diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşmäniň tassyklamagyna görä, mal etiniň arzanlamagy öndürilýän önümiň köpelmegi, et söwdasy bilen meşgullanýan adamlara döredilen goşmaça mümkinçilikler bilen bagly däl-de, eýsem öňden gelýän hökümet çäklendirmeleri, bahalara edilýän bikanun gözegçilik bilen bagly.
“Garaşsyz neşirleriň soňky birnäçe aýda Türkmenistanda dörän et defisiti barada berýän habarlary sebäpli, halky köşeşdirmek üçin, häkimiýetler Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralary bilen gürleşip, etiň bahasyny 90 manada düşürmek üçin, bazarlarda nyrhlara gözegçilik edýän polisiýa işgärlerini goýdular” diýip, çeşme aýtdy.
Bu maglumaty şäher polisiýasyndaky çeşme hem tassyk etdi. Ol Türkmenabatdaky polisiýa başlygynyň 5-nji oktýabrda, irden geçiren ýygnagyna salgylanyp, şäheriň bazarlaryna gözegçilik edýän ofiserleriň sanynyň köpeldilendigini hem sözüne goşdy.


“Başlyk etiň kilosyny 90 manatdan gymmat satýanlara ilkinji gezek tutulanda duýduryş bermeli, ikinji gezekde prilawkasyny ýapmaly diýdi. Ol Azatlyk günde-günaşa ‘et ýok’ diýip gygyryp ýatyr, şu sebäpden merkezden buýruk geldi diýdi.”
Azatlygyň habarçysy türkmenabatlylaryň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda gürleşip, soňky iki günüň dowamynda şäheriň “Gök”, “2-nji Daýhan” we 69-njy bazarlarynda polisiýa işgärleriniň sanynyň artandygyny anyklamagy başardy.
“Gök bazarda etiň kilosy 90 manat diýip ýazylgy eken. Arka tarapymdan geçip barýan polisiýa işgäri et satýana ‘90 manatdan gymmat sataýma’ diýip, sesini gataltman haýbat atdy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bazarda et satýan adamlaryň hem birnäçesi bilen söhbetdeş boldy, olar hökümetiň ulanýan mejbury çärelerinden zyýana galýandyklaryny aýtdylar.
“Hökümet, itiň öňüne süňk oklan ýaly, arzan bahadan et beren bolup, halka gowy görünjek bolýar. Emma bu hili arzanlaşygyň arkasynda erkin söwda bilen bagly hiç zat ýok. Mallar gyryldy, mallar üçin ot-iým tapmak kyn, tapan iýmiň hem gymmat. Bizem işläp, çeken zähmetimiziň hözirini görmek isleýäris. Emma hökümet, hamala, ähli zada biz günäkär ýaly, ýardamçy bolmakdan geçen, egnimizden basýar. Eti 90 manatdan satmak bilen, diňe minusa gidýäris” diýip, Ikinji daýhan bazaryndaky satyjy käýindi.
Şu aralykda, mal etiniň bahasyna edilýän gözegçiligiň arasynda, sebit merkezinde towuk etiniň bahasynyň gymmatlandygy habar berilýär.
Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşme, birnäçe şäher ýaşaýjysy bazarlardaky we hökümet dükanlaryndaky towuk budunyň her kilogramynyň bahasynyň soňky günlerde 25 manat bolanlygyndan 30 manada çenli gymmatlandygyny tassyk etdi.
“Häzirki satylýan towuk budunyň hili öňküsinden ganymat, emma bahasy gymmatlady, bütin şäherde kilosy 30 manatdan satylýar” diýip, 2-nji etrapçanyň bir ýaşaýjysy aýtdy.


Azatlygyň habarçylary ýurtdaky et gytçylygy, nyrhlara edilýän gözegçilik barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.
Türkmen telewideniýesi 6-njy oktýabrda bellenen Hatyra gününde raýatlaryň watan goragy ugrundaky söweşlerde, tebigy hadysalarda wepat bolanlary ýatlap, sadaka berendiklerini, aýat-töwir edendiklerini aýtdy, ýöne, öňki ýyllardaky ýaly, döwlet derejesinde berilýän sadakany görkezmedi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, pandemiýadan öň Aşgabatda, köp gatly jaýlaryň arasynda ak çadyrlar dikilip, merhumlaryň hatyrasyna köp sadaka berlerdi. Neşir häzir 2020-nji ýylda girizilen çäklendirmeleriň aýrylandygyny, aşgabatlylaryň sadakalara ilatyň garyp düşmeginiň ‘ýol bermeýändigini’ aýdandyklaryny belleýär.
Şeýle-de, TH Aşgabatda sygyr etiniň kilogramynyň 100 manada çykandygyny, ýöne onuň nyrh ýazgysynda, bazar ýolbaşçylarynyň talaby esasynda, ozalkylary ýaly, 70 manat diýlip ýazylgydygyny habar berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса