Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistanda gazak wizasy üçin uly nobatlar döreýär

0

Gazagystanyň Türkmenbaşydaky konsullygynyň binasynyň öňünde bir hepde bäri uly nobatlar saklanýar. Gazagystana gitmek üçin wiza almak isleýänleriň sany ýüzlerçe adama ýetýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Türkmenbaşydan beren maglumatyna görä, Gazagystanyň konsullygynyň binasynyň öňünde günde birnäçe ýüz adam jemlenýär.

"Käte bir müňe golaý adam barýar. Olaryň köpüsi türkmen raýatlary. Nobatlaryň üstünde dawa turýar, ýakalaşma bolýar. Her gün bu dawaly nobatlary dargatmak üçin polisiýa işgärleriniň we esgerleriň onlarçasynyň bu ýere getirilýändigini görse bolýar" diýip, habarçy 8-nji oktýabrda aýtdy.

Konsulhananyň öňünde düşürilen suratlarda ýüzlerçe adamyň üýşüp durandygyny görse bolýar.

Habarçy we çeşmeler şeýle uly nobatlaryň bir hepde bäri döreýändigini belleýärler. Munuň sebäbini konsullygyň özünden anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň Gazagystanyň Türkmenbaşydaky konsulhanasyna eden telefon jaňlaryna jogap berilmedi.

Konsullygyň websaýtynda ýerleşdirilen resmi maglumatlarda edaranyň konsullyk we wiza hyzmatlary üçin hepdede dört gün belli bir wagt aralygynda işleýändigi nobata onlaýn görnüşde ýazylyp bolýandygy aýdylýar. Hususan-da, websaýtda 8-nji oktýabrda noýabr aýyna nobata ýazylmak üçin mümkinçilik görkezilýär.

Şeýle-de bolsa, konsulhanasynyň binasynyň öňüne jemlenýän adamlaryň sany artýar.

Bu ýagdaýdan habarly çeşmeler wiza almak isleýänleriň sany aşa köp bolansoň, konsullugyň olaryň talaplaryny kanagatlandyryp ýetişmeýändigini belleýärler.

"Adam köp, galyberse studentleriň hem okuw möwsümi başlanýar. Zähmet çekmek üçin gidýän raýatlaryň sany hem aşa köpelýär. Şu sebäpden konsullyk işgärleri ýetişmeýändiklerini aýdýarlar" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde geplän çeşmeler nobatlaryň köpelmegine araçylaryň hem sebäp bolýandygyny bellediler.

"Gazak konsullygynda tanyşy bar araçylar 100-den gowrak raýatyň dokumentlerini tabşyryp, nobatda duran studentleriň we işlemäge gitjek bolýan, göçüp gitmäge taýýarlanýan raýatlaryň ençemesiniň nobaty ýetmeýär. Her gün gelip, 10 sagatlap dik aýak üstünde nobatyna garaşýan adamlaryň gahar-gazaby artýar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Habarçylar daşary ýurtlara gitmekçi bolýan türkmenistanlylaryň kynçylyklarynyň wiza edinmegi bilen gutarmaýandygyny, olaryň serhetden geçirilmeýän halatlarynyň köp bolýandygyny gürrüň berýärler.

"Gynansak-da, türkmen migrasiýa gullugy we gümrük gullugy dürli bahanalar bilen Garabogaz gümrük geçiş nokadynda raýatlarymyza ýurtdan çykarmazlyk üçin azar berýärler, käte muny para almak üçin edýärler" diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurt pasportyny almak mümkinçiligi hem çäkli bolmagynda galýar. Pasport we wiza almak üçin, soňra serhetden geçmek üçin para soralýar.

"Para berip, dokument alýaň, migrasiýa hem bahana gözläp, para alýar ... Türkmenistanda ýaşasyň gelmeýär" diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly aýdýar.

Türkmenistanda raýatlarynyň migrasiýa derejesini görkezýän resmi statistika çap edilmeýär. Resmi maglumat boşlugyna garamazdan, Türkmenistandan gaýdýan uçar biletleriň gytçylygy, guryýer serhet geçelgelerinden geçmäge synanyşýan adamlaryň sany, daşary ýurt ilçihanalarynyň öňündäki wiza nobatlary türkmen raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak isleginiň uludygyny görkezýär.

Türkmenistanlylar ýurduň daşyna gitmek isleglerini ilkinji nobatda ykdysady sebäpler bilen düşündirýärler.

"Türkmenistanda ýaşamak kyn. Býujet işinde bir aýda gazananyň güzerana ýetmeýär. Gazagystanda gurluşykda, söwda ugrunda ýa-da dellekhanada zähmet çekip 600-800 dollar gazanyp bolýar. Işlemek we okamak üçin şertler bar. Internet tizligi ýokary. Dilimiz hem düşnükli. Orsýetde bolşy ýaly polisiýa migrantlary yzarlamaýar. Şonuň üçin türkmenistanlylar Gazagystany amatly hasaplaýarlar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Russiýanyň ilçihanalarynyň öňündäki uly wiza nobatlary barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса