Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tokaýew bir palataly mejlise geçmegi, Esasy kanuny düýpli üýtgetmegi teklip edýär

0

Gazagystanda bir palataly mejlise geçmek üçin Konstitusiýanyň ýarysyny diýen ýaly täzeden ýazmaly bolar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iki palataly parlamentden bir palataly mejlise geçmek baradaky teklibi ýurduň Konstitusiýasynyň 40 çemesi maddasyna galtaşar.

Tokaýew bu sözleri 14-nji oktýabrda, Astanada parlament reformasy boýunça öz başlangyjy esasynda döredilen işçi toparynyň mejlisinde aýtdy.

Ýurduň häzirki Esasy kanunda 98 madda bar.

"Ozaly bilen Konstitusiýa bir topar üýtgetme girizmeli bolar. Bu üýtgetmeler Esasy kanunyň 40 çemesi maddasyna galtaşar. Şondan soň azyndan 10 sany konstitusiýa kanunyny, 50-den gowrak kodeksi we kanuny düzgünleşdirmeli. Bu proses, aslynda, düýpden täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen hem deňeşdirilip bilner. Elbetde, bu işi tutuşlygyna birbada tamamlamak mümkin däl” diýip, Tokaýew aýtdy.

Tokaýew biraz öň parlamenti bir palataly etmek üçin özgertme geçirmegi teklip edipdi.

1995-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýa soňky gezek 2022-nji ýylda, Ganly ýanwar wakalaryndan soň doly diýen ýaly gaýtadan ýazyldy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса