Aşgabatda türkmen-rus toparynyň mejlisi geçirildi
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmen DIM-I 14-nji oktýabrda habar berdi.
Iki ýurduň wekiliýetlerine türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de rus hökümetiniň başlygynyň orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar birnäçe ikitaraplaýyn resminama, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdi.
Marat Husnullin şol gün türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär, hyzmatdaşlykda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär diýip, türkmen metbugatyýazýar.