Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenabatda täze dökün toplumynyň düýbi tutuldy

0

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherine baryp, S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň çäginde guruljak mineral dökünleri toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen metbugaty ýurduň himiýa senagatynyň okgunly ösdürilip, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegine öwrülýändigini habar berýär.

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň mineral dökünleri öndürjek täze toplumynyň taslamasyny Koreýanyň "Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd" kompaniýasy ýerine ýetirer diýip, habarda aýdylýar, ýöne onuň umumy bahasy barada maglumat berilmeýär.

Täze toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndürilmeli, ol ulanmaga berlenden soň, ýurduň himiýa senagatynyň kuwwatynyň ep-esli artdyrmagyna garaşylýar.

Azatlygyň ýerli habarçysy aprel aýynda, dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenabadyň dökün zawodynyň 'çagşaýandygyny' habar beripdi.

Ýerli kärendeçiler her ýyl, mineral dökünleriň ýetmezçiligi sebäpli, ekinlere ýeterlik derejede ideg edip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, döwlet diňe dökün däl, tehnika, suw üpjünçiligi wadalarynda hem tapylmaýar we, ikinji, üçünji derejeli kaşaň gurluşyklara ummasyz möçberde halk serişdesini harçlap, ýurtda azyk gytçylygynyň döremegine sebäp bolýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса