Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Balkanabadyň çagalar baglarynda kelle biti köpçülikleýin ýaýraýar

0
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň ençemesinde çagalaryň arasynda kelle biti köpçülikleýin häsiýetde ýaýraýar. Häkimiýetler tiz ýaýraýan bu mör-möjege garşy çagalar baglarynda sanitariýa-zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek we ene-atalary bite garşy ýörite şampunlary satyn almaga mejbur etmek arkaly göreşýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Çagalaryň saçlarynda bitleriň köpelmegi görülmedik derejede hasaba alynýar. Bu ýagdaý şäheriň esasanam 1-nji, 2-nji, 4-nji, 9-njy, 22-nji we 28-nji çagalar baglarynda ýiti derejä ýetdi” diýip, ýerli bilim bölüminiň ýagdaýlardan habarly işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitiň arassaçylyga gözegçilik edýän edarasynyň wekilleri 12-nji oktýabrda, hepdäniň dynç günüdigine garamazdan, bu çagalar baglarynda giň gerimli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirdiler.
“Olar ýörite gyzgyn bug enjamy arkaly ýorgan-düşeklerde, ýassyklarda zyýansyzlandyrma işlerini geçirdiler” diýip, bilim işgäri belledi.
Mundan başga-da, arassaçylyga gözegçilik edýän edaranyň wekilleri ene-atalary bite garşy ýörite şampunlary 150 manatdan satyn almaga mejbur etdiler.
"Adamlaryň garyplaşmagy, pes arassaçylyk şertleri"“Ene-atalara çagalarynyň saçyny bu şampunlar bilen ýuwmak berk tabşyryldy” diýip, balkanabatly ene anonimlik şertinde beren maglumatynda pedikulýozyň, ýagny bitliligiň zyýanly taraplary barada düşündiriş işleriniň geçirilmeýändigini aýtdy.
Terbiýeçileriň we ene-atalaryň ençemesi “adamlaryň aşa garyplaşmagynyň, çagalaryň beden-fiziki ösüşinde zerur bolan iýmitlerden ýeterlik derejede iýmitlenip bilmezliginiň” çagalarda kelle bitiniň döremegine getirip bilýändigini öňe sürýär.
Ýöne olar çagalaryň arasynda kelle bitiniň ýaýramagynyň esasy sebäbiniň çagalar baglarynda arassaçylyk şertleriniň doly üpjün edilmezligi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
“Çagalar baglaryndaky arassaçylyk pes. Her iki günden ýuwulmaly ýorgan-düşek, ýassyk daşlary indi bir aýda bir gezek ýuwulmaýar. Çagalar baglarynda kir ýuwujy serişdeler ýok. Hökümet her aýda bir sapar kir ýuwujy 2 kg paraşok berýär. Bu, giden ýorgan-düşek daşlaryny ýuwmaga ýetmeýär. Hatda terbiýeçiler öz hasabyna ýene 2 kg satyn almaly bolýarlar” diýip, şäheriň çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi anonimlik şertinde aýtdy.
"Üç ýyl bäri täzelenmeýär"Şeýle-de, ol döwlet tarapyndan üpjün edilmeli hlorly ergin goşulan agardyjy serişdeleriň indi iki ýyl bäri berilmeýändigini hem belledi.
“Ýorgan-düşek we ýassyk daşlyklary ýylda bir gezek täze alynmaly. Ýöne indi üç ýyl bäri welaýat merkezindäki ýekeje çagalar bagynda hem ýorgan-düşek, ýassyk daşlyklary täzelenip berilmedi. Olaryň reňki saralyp, olarda dürli mikroblaryň bolmagy gaty ähtimal” diýip, Balkanabadyň çagalary baglarynyň biriniň ýene bir terbiýeçisi anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyga bu aýdylanlary bu ugurdan saglyk we arassaçylyk bilermenine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Saglyk.org websaýtynda çap edilen maglumata görä, bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bar. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşekler, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýär.
Maglumatda pedikulýozyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermegiň möhüm orny eýeleýändigi hem bellenilýär. Bedeniňi kadaly, ýagny hepdede azyndan iki gezek ýuwmak, eşikleri we ýorgan-düşek daşlary çalşyp durmak bu çäreleriň käbiridir.
"Näme üçin döwlet öz borçlaryny ýerine ýetirmeýär?!"Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan çagalar baglaryndan, ýerli saglyk, bilim we arassaçylyga gözegçilik bölümlerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Bellesek, Balkanabadyň ençeme çagalar baglarynda emele gelen bu ýagdaý, ene-atalaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Olar paýtagt Aşgabatdaky häkimiýetleri welaýatdaky ýerli häkimiýetlere gözegçilik edip bilmezlikde aýyplaýalar.
“Halk döwletiň kesgitlän tölegi boýunça çagasy üçin çagalar bagyna her aýda 80 manat töleýär. Halk öz üstüne alan borçlaryny ýetirýän mahaly, näme üçin döwlet ýerine ýetirmeýär?! Döwlet çagalaryň howpsuzlygyny, arassaçylygyny, iýmitini, terbiýesini üpjün etmäge borçly. Ene-atalar çagalary bitläp gelsin, sarygetirme bolsun, aç galsyn diýip, çagalar bagyna pul tölemeýärler” diýip, balkanabatly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda çagalaryň, uly ýaşly adamlaryň we esgerleriň arasynda kelle bitiniň ýaýraýandygy barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek maglumat beripdi. Şeýle-de, ene-atalar we terbiýeçiler ýurduň dürli sebitlerindäki çagalar baglarynda arassaçylyk we iýmit üpjünçiliginiň pesdigi barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса