Belarusdaky migrantlaryň ýarysyny türkmenistanylar we özbegistanlylar düzýär
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” “Pozirk” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Belarusdaky zähmet migrantlarynyň sany 1,5 esse artyp, bu ýurda Türkmenistandan iş gözläp gelýän adamlaryň sany hem köpelipdir.
Belarusyň Zähmet we sosial goraglar ministriniň orunbasary Tatýana Astreýkonyň sözlerine görä, bu ýurda gelen zähmet migrantlarynyň ýarysyndan gowragy (54%) Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary bolup durýar. Şeýle-de, Belarusa Hindistandan we Nepaldan gelen işçileriň sany “düýpli ýokarlanypdyr”.
Belarus resmisiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary, Ewraziýa ykdysady bileleşigi ýurtlarynyň raýatlary ýaly, belaruslar bilen deň derejede işe ýerleşmek hukuklaryna eýe däl.
Türkmenistan ýurtdaky agyr işsizligi resmi taýdan boýun almaýar. Sosial mediada çap edilýän wideolar, suratlar türk, rus wizalaryny almaga çalyşýan adamlaryň uzyn nobatlaryny görkezýär.
