Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Owganystanyň demirgazygyndaky ýer titremesinde ejir çekenleriň sany artýar

0

Owganystanyň "Tolo News" portalynyň Bütindünýä saglyk guramasyna (BSG) salgylanyp beren maglumatyna görä, Owganystanyň demirgazygynda bolan ýer titremesinde ölenleriň we ýaralananlaryň jemi sany 900 adama golaýlady.

"3-nji noýabr gijesi ýurduň demirgazygynda bolan güýçli ýer titremesi 27 adamyň ölümine we 850-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy" diýip, BSG-niň Gündogar ortaýer deňzi boýunça sebitleýin direktory Hanan Balhi neşiriň Telegram kanalynda aýtdy.

BSG-niň Facebook-daky beýanatyna görä, zyýan çeken ýerlere reanimasiýa boýunça hünärmenlerden we trawma hirurglaryndan ybarat toparlar iberilipdir we olar ýerli häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Gurama halas ediş işleriniň dowam edýändigini we pidalar harabalyklardan çykarylýarka ölenleriň sanynyň artyp biljekdigini duýdurýar.

Mundan öň ABŞ-nyň Geologiýa gullugy Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Holm etrabyndan 35 kilometr uzaklykda 6,3 bal güýjünde ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi. Şeýle hem, sarsgynlar Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we goňşy Pakistanda hasaba alyndy, bu bolsa seýsmiki wakanyň giň ýaýranlygyny görkezýär.

Demirgazyk Owganystan we Merkezi Aziýanyň golaýdaky ýerleri tektonik plitalaryň kesişýän zolagynda ýerleşýär we bu ýerde ýertitreme yzygiderli bolup durýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса