Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Merkezi Aziýa işewürlik maslahatyny geçirer

0

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Kennedi merkezi bilen hyzmatdaşlykda C5+1 formatyndaky sammitiň 10 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa işewürlik maslahatyny geçirer. Bu barada Döwlet departamenti 4-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda mälim etdi.

“2015-nji ýylda işe girizilenden bäri C5+1 diplomatik platformasy Birleşen Ştatlaryň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirdi” diýlip, beýanatda bellenýär.

Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, senator Stiw Daýns, ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Riçard Grenell, ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor we Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçi sekretary Pol Kapur dagynyň çykyş etjekdigi hem aýdylýar.

Şeýle-de, 6-njy noýabrda Kennedi merkezinde geçiriljek maslahatda döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň işewür ýolbaşçylar bilen umumy panel diskussiýasyny alyp barjakdygy hem nygtalýar.

“Bu ýygnanyşyk, Birleşen Ştatlar bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary has-da berkitmek bilen birlikde, öňdebaryjy hyzmatdaşlygyň on ýyllygyny bellemek üçin ýokary derejeli hökümet resmileriniň C5+1 ýurtlarynyň işewür liderleri bilen taryhy duşuşygydyr” diýlip, beýanatda bellenýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса