Gyrgyzystanda hususy awtoulag mekdepleri “korrupsiýa we ýol-ulag heläkçilikleriniň köpelmegi” sebäpli döwlet eýeçiligine geçiriler
5-nji noýabrda Gyrgyzystanyň prezidentiniň kömekçisi Kanybek Tumanbaýew metbugat ýygnagyny geçirip, awtoulaglary hasaba almak we sürüjileri taýýarlamak ulgamlarynda boljak üýtgeşmeleri mälim etdi.
Mundan öň, ol prezident administrasiýasynyň 3-nji noýabrda geçiren mejlisinde 2026-njy ýyldan başlap hususy eýeçilikdäki sürüjilik mekdepleriniň ählisiniň ýapyljakdygyny we okuwlaryň diňe döwlet edaralarynda dowam etjekdigini yglan etdi. Şonda ol bu kurslaryň 14 aý dowam etjekdigini hem sözüne goşdy.
Tumanbaýew žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda bu çäreleriň has uly özgertmeleriň bir bölegidigini aýtdy. Ol hususy awtoulag mekdeplerinde korrupsiýanyň giňden ýaýrandygyny, köp okuwçynyň sürüjilik şahadatnamalaryny, diňe minimal tejribeden geçip, satyn alýandygyny belledi.
Prezidentiň ýerine ýetiriji edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Boobek Salimžanow köçe-ýol heläkçilikleriniň sany boýunça Gyrgyzystanyň Ýewraziýa Bileleşigine girýän ýurtlaryň arasynda birinji orunda durýandygyny aýtdy.
Ol meýilleşdirilen özgertmeleriň sürüjileri taýýarlamak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we heläkçilikleri azaltmaga gönükdirilendigini hem sözüne goşdy.
