Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Eýranyň ruhany lideriniň suratyny otlandan soň öli tapylan aktiwistiň jaýlamak çäresi proteste öwrüldi

0

Ýas tutýanlar Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň suratyny otlaýan wideosyny sosial mediada paýlaşandan soň öli tapylan Omid Sarlakyň jynazasyna gatnaşanda “Hameneýä ölüm” diýip gygyrdylar.

3-nji noýabrda ýüzlerçe adam Sarlagy hormatlamak üçin Eýranyň Aligudarz şäherçesindäki gonamçylyga ýygnandy. Sarlakyň maşgalasy we tarapdarlary onuň Hameneýiniň suratyny ýakýan wiral wideosyndan soň öz janyna kast edendigi baradaky polisiýanyň öňe sürmesini ret edýärler.

Merhumy jaýlamak çäresinden soň, eýranlylar 86 ýaşly Hameneýiniň we Yslam respublikasynyň esaslandyryjysy Aýatolla Ruholla Homeýniniň portretlerini ýakýan suratlaryny we wideolaryny paýlaşdylar.

Aligudarzdaky polisiýa Sarlakyň awtoulagda öz-özüne atylan okdan ölendigini öňe sürdi we onuň ölümi boýunça derňew geçirip başlady.

Şol bir wagtda, sosial media ulanyjylary häkimiýetleriň Sarlakyň maşgalasyna onuň ölümini öz janyna kast etmek hökmünde kabul etmegi üçin basyş edendigini aýtdylar. Maşgala basyş edilendigi baradaky aýyplamalara reaksiýa bildirmedi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса