Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28 29
30

Tramp we Merkezi Aziýa Waşington sammitinde möhüm minerallar boýunça ylalaşygy yglan etdiler

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi Aziýanyň bäş liderini bir ýere jemlän duşuşygynda we agşamlyk naharynda, Waşingtonyň sebitdäki täsirini artdyrmagy maksat edinýän birnäçe söwda, diplomatik we mineral ylalaşyklaryny yglan etdi.

Ak Tamda uzyn stoluň başynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we wise-prezidenti J.D. Wansyň ýanynda oturan Tramp Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny "öňküden-de güýçlendirmäge” ygrarlydygyny aýtdy. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri bolsa gatnaşyklaryň täze döwrüni gowy garşy aldylar.

“Gynansak-da, öňki amerikan prezidentleri bu sebiti düýbünden ünsden düşürdiler” diýip, Tramp aýtdy.

“Men bu sebitiň ähmiýetine düşünýärin”, ýöne “köp adam muny bilmeýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Agşamlyk naharyndan öň, Gazagystan öz ýurdunda ýerleşýän dünýäde iň uly ulanylmadyk wolfram känleriniň birini özleşdirmek üçin Birleşen Ştatlar bilen täze bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde uly mineral ylalaşygyny yglan etdi.

Soňky hepdelerde Awstraliýa, Malaýziýa, Taýland we Ýaponiýa bilen dürli minerallar boýunça ençeme ylalaşyk baglaşandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp indi ünsüni Merkezi Aziýa gönükdirdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса