guduüz
Azatlygyň habarçysynyň we çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Balkan sebitiniň obalarynda itleriň we pişikleriň guduzlamagy hem-de bu näsaglygyň çagalara ýokuşmagy bilen bagly hadysalar köpelýär. Emma redaksiýa, türkmen häkimiýetleriniň keselçilikler, hususan-da ýokanç keseller baradaky maglumatlary berk gadaganlykda saklamagy zerarly, bu maglumat barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, guduzlan itlerden we pişiklerden geçýän näsaglygy bejermek üçin göbegiň töwereginden we eliň ýumşak ýerinden urulýan sanjymlar diňe gerek ýerinde tanşy ýa goldawy bar adamlar üçin mugt bolup, ýönekeý halk üçin bu mümkinçilik döredilmeýär.
“Ýönekeý adamlar guduz keseline garşy urulýan sanjymy hususy dermanhanalardan 300 manatdan satyn almaga mejbur bolýarlar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Bereket etrabynyň dag etegindäki obalaryň käbirinde, gür ilatly ýerlerde, guduz keseli bilen bagly hadysalaryň köpelmegi sebäpli, saglyk edaralary tarapyndan öňüni alyş çäreleri görülýär, karantin yglan edilip, çagalaryň mekdebe gatnamagy wagtlaýyn togtadylýar diýip, habarçymyz oba ýaşaýjylaryna salgylanyp aýtdy. Azatlyk öz çeşmeleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli, obalaryň atlaryny aýtmakdan saklanýar.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, guduz wirusy dag eteklerinden obalara aralaşýan şagallaryň, möjekleriň oba itleri bilen uruşmagy netijesinde ýaýraýar. Oba itleri bolsa käte mekdebe barýan çagalary ýarýar.
“Bir çaga guduz wirusynyň ýokuşandygy anyklanyp, soň ol okuwçy bilen mekdep partasynda bile oturan, arakesmede söhbetdeş bolan klasdaşlary, näsaglan çaganyň ýakynlary karantine alnyp, gözegçilikde saklamaly bolýan adamlaryň uzyn zynjyry emele gelýär” diýip, bir ýaşaýjy bu ýagdaýyň sebitde uly alada öwrülip barýandygyny belledi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, guduz wirusy ýokuşanda, dümew, sowuklama ýokuşan adamdaky alamatlara meňzeş ýagdaýlary görkezýär, beden gyzgynlygy ýokarlanýar, gözüň içi gyzarýar.
Şeýle-de, bu wirusyň adamdan adama elleşip salamlaşylan halatynda, ýakyn aralykda oturyp gürleşen ýagdaýynda hem ýokuşyp bilýändigi aýdylýar.
“Bu etiologiýaly wirus bolup, adamyň nerwisine we beýnisine zeper ýetirip, 12 günden 1 ýyla çenli aralykda ýüze çykyp biler” diýip, bir hünärmen aýtdy.
Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen häzir Türkmenistanda guduz wirusynyň aşa köpelendigini, soňky aýlarda ýurtda we Balkan welaýatynda dörän ýagdaýyň aýratyn alada döredýändigini aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri bu keselçiligiň ýurduň oba hojalyk ýolbaşçylarynyň öz işlerine geleňsizligi sebäpli köpelendigini öňe sürse, beýlekileri Döwlet weterinariýa gullugynyň öz işine sowuk-sala çemeleşýändigini öňe süýrär.
“Obalardaky itlere we pişiklere möwsümleýin guduza garşy sanjym işleri geçirilmeýär, oba hojalyk pudagyna berilýän üns peseldi, netijede ýurduň maldarçylyk pudagy diňe bir guduzlamadan däl, her dürli başga ýokanç keseller sebäpli hem dargap biler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
