Türkmen ýörite gulluklary we DIM-i "Orsýetde saklanan demirýol ketdesini boşatjak bolýar"
Neşiriň çeşmesi bir aý öň Orsýetde, Moskwa aerportunda neşe serişdelerini geçirmek synanyşygynda güman edilip saklanan türkmen resmisi Hydyr Rahmanowyň kazyýet seljermesine çenli tussaglykda saklanmagy baradaky kararyň göçürmesini redaksiýa berdi diýip, “Turkmen.news” 12-nji noýabrda habar berdi.
Şeýle-de, çeşme Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň we hut daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň "Demirýollary"açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rahmanowy tussaglykdan boşatmaga çalyşýandygyny aýdypdyr.
Neşir 1983-nji ýylda doglan, üç çaganyň atasydygyny aýdan Rahmanowyň işi baradaky kararyň göçürmesiniň suratyny öz web sahypasynda çap etdi.
4-nji oktýabrda Domodedowo aeroportunyň gümrük barlagynda LSD diýilýän neşe serişdesi bilen saklanan Hydyr Rahmanow, derňewiň dowam edýändigi üçin, 4-nji dekabra çenli deslapky tussaghanada saklanar. Ol Moskwa saglyk bejergisini almak üçin Essentüki şäherine barýan wagtynda, üstünden geçmek üçin, ýanyndaky kömekçi aýal bilen bile, bir uçarda gelipdir.
Kazy Dina Hansiniň gol çeken kararynyň nusgasynda Rahmanowyň iş ýeri "Halkara Turkmen Logistics" kompaniýasy hökmünde görkezilýär we ol ýerde onuň adaty logist bolup işleýändigi aýdylýar.
“Turkmen.news” neşiriniň çeşmesiniň maglumatyna görä, Haýdyr Rahmanow kompaniýada diňe logistika boýunça hünärmen bolup işlemän, eýsem onuň eýesi bolup dur. Kazyýet resminamalarynda hem ol kompaniýanyň esaslandyryjysy hökmünde görkezilýär. Garaşsyz neşir Rahmanowyň şol bir wagtda döwlet emeldary hem bolup durýandygyny belleýär we onuň bu maglumaty rus kazyýetinden gizlejek bolandygyny öňe sürýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumat bazasyna görä, Hydyr Rahmanow “Demirýollary” paýdarlar jemgyýetiniň direktory bolup işleýär. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diýlip atlandyrylýan edara Türkmenistanyň tutuş döwlet demirýol infrastrukturasynyň esasy operatory bolup durýar.
“Turkmen.newsiň” çeşmesiniň neşire aýtmagyna görä, Rahmanowy jenaýat jogapkärçiliginden ‘halas etme’ işleri bilen onuň ýegeni (käri belli däl) we Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň wekilleri meşgullanýar. Olar golaýda Orsýetiň güýç gulluklary bilen gepleşik geçirmäge geldiler.
Şol bir wagtda, "Demirýollary" kompaniýasynyň başlygynyň aladasyny edýän diňe bular hem däl. Garaşsyz neşiriň tassyklamagyna görä, bu ugurdaky tagallalary Türkmenistanyň daşary işler ministri, hökümet başlygynyň orunbasary Raşid Meredowyň hut özi utgaşdyrýar.
“Türkmen.news” Meredowyň Rahmanowyň tussag edilendigini şol günüň özünde bilip, derhal Russiýadaky türkmen ilçisi Esen Aýdogdyýewe telefon edendigini, ilçiniň bolsa "Türkmenistan" žurnalynyň we "Turkmenistan.ru" web sahypasynyň baş redaktory Mihail Pereplesnin bilen habarlaşandygyny, olaryň Rahmanowy çalt we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekmezden azat etmäge synanyşýandygyny habar berýär.
Günäli tapylan ýagdaýynda, habarda aýdylmagyna görä, Hydyrow rus kanunçylygy esasynda 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.
