Daşoguzda turan ýangyn 'uly zaýaçylyk döretdi', häkimiýetler telefonlary barlady
Ýerli çeşme ýangyn söndürijileriň wakanyň bolan ýerine 40 minut töweregi garaşdyryp gelendiklerini, olaryň ýanýan binanyň ýekeje otagyny hem halas edip bilmändigini aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe şaýadyň tassyklamagyna görä, häkimiýet wekilleri esasan adamlaryň ýanýan binany surata almazlygy, wideo ýazgy etmezlikleri barada alada etdiler.
Azatlyk bu maglumat barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki döwlet ýangyn gullugynyň resmilerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Daşoguzda uly zaýaçylyga sebäp bolandygy aýdylýan ýangyn baradaky habar Aşgabatda 9-njy noýabrda bolan ýangyn barada beren habarymyzyň yz ýanyndan geldi.
Uly tehniki hyzmatlar we mebel sehleri toplumy 'kül boldy'Ahaldaky çeşmämiziň sözlerine görä, paýtagtda bolan ýangyn ýurduň ýangyn söndürijileriniň iş şertleriniň çak edilişinden hem ‘kän esse ýaramazdygyny’ görkezdi.
Paýtagtdaky ‘demirýolçular jaýynda’ bolan ýangyna ýangyn söndürijiler 30 minutdan gowrak garaşdyryp, suwsuz gelipdiler we soň ‘işe ýarmaýan’ enjamlary bilen ýaşaýjylary ‘haýran galdyrypdylar’.
Daşoguzdaky ýangyn umumy meýdany takmynan 5 müň kwadrat metrden gowrak ýerde boldy, emma resmi metbugat, adatça bolşy ýaly, bu ýangyn barada hiç bir maglumat bermedi.
Il arasynda “Muzikalny” diýip bilinýän mekdebiň, Magtymguly Garly adyndaky sungat mekdebiniň 20 metr çemesi golaýynda ýerleşýän binada turan ýangynda ölüm hadysasynyň hasaba alynmandygy aýdylýar.
Iki gatly, “Şöhrat teh” diýip atlandyrylýan hyzmat we önümçilik binasynda bolan uly ýangyn netijesinde anyk näçe mukdarda maddy zyýanyň çekilendigi belli däl. Ýöne çekilen maddy zyýanyň ‘uly bolandygy’ aýdylýar.
“Daşary ýurtlarda öndürilen awtoulaglaryň azyndan 10 sanysy, mebel sehleriniň içinde ýerleşdirilen gymmatbaha enjamlar, mebel ýasamak üçin satyn alnan çig mallar, agaç önümleri 100 göterim ýanyp, kül boldy” diýip, bu ýangyny gözi bilen gören ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, wakanyň şaýady bolanlaryň gara tüssä gaplanan binany surata düşürmezligi, wideo ýazgy etmezligi, bu hili synanyşyklaryň öňüni almak üçin berk gözegçilik çäreleri görüldi.
Häkimiýetleri ýangyn däl, habar çykmak howpy gorkuzdy“Magtymguly Garly adyndaky sungat mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary wakany surata almaz ýaly, berk kontrollyk astyna alyndy. Öýlänki smenada okaýan okuwçylar, olaryň mugallymlar derrew öýlerine goýberildi” diýip, bu waka şaýat bolan mugallymlaryň biri aýtdy.
Şeýle-de, ol Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki işgärleriniň turan ýangyna ýakyndan şaýat bolan adamlaryň ählisiniň mobil telefonlaryny içgin barlandygyny, adamlaryň öýlerine gitmegine diňe şol barlagdan soň rugsat berlendigini aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen ýangyn söndürijileriň jaň edileninden tas 40 minut çemesi soň gelendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, awtoulaglaryň, mebel ýasamak üçin satyn alnyp goýlan dürli ýelimleriň, laklaryň uly partlamalara sebäp bolmagy ýangyn söndürijileriň işini has-da kynlaşdyrdy.
“Polisiýanyň ýangyna garşy gullugynyň işgärleri ot-ýalna gaplanan binadaky otaglaryň birini hem halas edip bilmediler. Gaýtam, polisiýa adamlaryň ýangyny surata düşürmezlikleri, maglumat ýaýratmazlygy üçin alada galyp, köçäni ýapdy. Olar adamlaryň telefonlaryny, kameralaryny barlap bolýança bina doly ýandy we çökdi” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň demirgazyk sebitdäki habarçysy geçen ýylyň 2-nji iýunynda Daşoguzdaky ýag zawodynyň bölümleriniň birinde dörän ýangynyň hem ‘uly zyýan ýetirendigini’ habar beripdi. Ýöne türkmen metbugaty şonda hem ýangyn, onuň sebäpleri, ýetiren zyýany barada ilata hiç bir maglumat bermändi.
Anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçynyň pikiriçe, “adaty tehnogen hadysasy hem awtokratýa üçin uly mesele” bolup, ähli ýurtlarda, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda hem bolup bilýän zatlary ýaşyrmak, öz ýurduňda bolup bilmejek bir zat ýaly görkezjek bolmak ‘juda ýöntemlik’ bolýar we özüni dünýewi, hukuk döwleti diýip atlandyrýan ýurduň ýolbaşçylaryna ‘düýpden gelişmeýär’.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
