Türkmenistanyň öňdebaryjy sanly döwletleriň hataryna "ynamly çykýandygy" aýdylýar
Döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň "hataryna ynamly çykýandygyny” habar berýär.
Wise-premýer Mämmmethan Çakyýewiň “Türkmentel – 2025” we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025” diýlip atlandyrylan maslahatlarda eden çykyşyna salgylanyp berlen habara görä, Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen çäreler görülýär.
Çakyýewiň ynandyrmagyna görä, häzirki wagtda "sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, «elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmaga, emeli aňyň we «bulut» tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär”.
Hökümet başlygynyň orunbasary öz aýdan sözlerine delil hökmünde ýurtda gurlan ilkinji «akylly» şäheri mysal getirdi. Onuň tassyklamagyna görä, Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar, şol sanda aragatnaşyk ulgamyna «5G» standarty giňden ornaşdyryldy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan internet azatlygynyň iň bir gysylýan ýurtlarynyň hatarynda galýar.
Azatlygyň habarçylary iýun aýynda, Gurban baýramyndan soň häkimiýetleriň internete edilýän gözegçiligi ýene güýçlendirendigini habar berdiler.
Şol bir wagtda, häkimiýetleriň IT hünärmenlerine garşy ulanylýan polisiýa, para basyşlarynyň dowam edýändigi habar berilýär.
