Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Eýranyň suw krizisi aýgytly pursadyna golaýlady

0

Eýranda suw meselesinde onlarça ýyllap dowam eden nädogry dolandyryş, şeýle-de uzaga çeken guraklyk, ýurdy bilermenleriň “suw bankrotlygy” diýip atlandyrýan ýagdaýynyň çägine getirdi.

Howdanlardaky suwuň gitdigiçe boşamagy, ýagynlaryň hem rekord derejede az düşmegi sebäpli, 10 milliona golaý ilatly paýtagt Tähranyň häkimiýetleri suwy ýaşaýjylara normalaşdyryp, ýagny bölüp paýlap bermäge başlady.

Prezident Masud Pezeşkiýan suw krizisiniň Tähranyň käbir sebitleriniň ewakuasiýasyna eltmeginiň mümkindigini duýdurdy, we munuň hatda paýtagty göçürmek ähtimallyklaryna çenli getirip biljekdigini belledi.

Düýbi Kanadada ýerleşýän BMG-niň Suw, daşky gurşaw we saglyk uniwersiteti institutynyň direktory Kaweh Madani häkimiýetleriň yglan edýän duýduryşlarynyň entek bärden gaýdýandygyny belledi.

“Olaryň duýduryşlarynyň derejesi ýerdäki hakyky ýagdaýlar bilen deňeşdirilende juda pes” diýip, bir döwür Eýranyň Daşky gurşaw müdirliginiň başlygynyň orunbasary bolup işlän Madani Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda gürrüň berdi.

“Hökümet jemgyýete wehim salyp, nägileligi has-da ýokarlandyrmak islemeýär, şol sebäpden juda seresap hereket edýär” diýip, ol sözüne goşdy.

“Suw bankrotlygy” bu sarp ediş möçberiniň bar bolan üpjünçilik derejesinden geçip, şol bir wagtda-da tebigy suw çeşmeleriniň yzyna dolup bolmajak derejede peselmegi netijesinde ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bilermenler munuň köplenç oba hojalygyny we ösüşi giňeltmek maksady bilen kabul edilen, ýalňyş hökümet syýasatlaryndan gelip çykýandygyny aýdýarlar.

Eýranyň suw krizisi nä derejede agyr?Eýran häzirki wagtda soňky takmynan 60 ýylyň iň güýçli guraklygyny başdan geçirýär.

“Eger ýagynlar düşüp başlamasa, onda [noýabrda] suwy paýlap başlarys. Guraklyk ondan beýläk hem dowam etse, onda bizde suw umuman bolmaz we Tährany ewakuasiýa etmäge mejbur galarys” diýip, Pezeşkiýan şu aýyň başynda aýtdy. Şeýle-de bolsa, beýleki käbir emeldarlar paýtagty göçürmegiň zerurlygyny peseldip görkezmäge synanyşdylar.

Geçen hepdeden bäri Tähranda agşam sagatlarynda suw üpjünçiligi kesilýär. Häkimiýetler gündizki sarp edişi hem azaltmaga çagyrýarlar. Ýurduň beýleki künjeklerinde suwuň normalaşdyrylyp berilýändigi barada häzirlikçe maglumat ýok.

Tährany suw bilen üpjün edýän bäş esasy howdan taryhyndaky iň pes derejelere çenli azalyp, häzirki wagtda olaryň umumy göwrüminiň bary-ýogy 11%-inde suw bar.

Eýranyň ikinji uly şäheri, 4 million ilatly Maşatda howdanlardaky suwuň derejesi 3%-den aşak düşdi, şäheri üpjün edýän 4 bentiň 3-siniň işi togtadyldy.

Tutuş ýurt barada aýdylanda, Eýranyň howdan gorlarynyň 10%-ni emele getirýän 19 sany möhüm howdan dolulygyna gurap galdy. Mundan başga, 20-den gowrak bentde suw umumy göwrümiň diňe 5%-ini düzýär.

Nämeler meýilleşdirilýär?Eýran resmileri dörän adatdan daşary ýagdaýy çözmek üçin entek anyk meýilnama hödürlemediler.

Eýranda, adatça, jogapkärçiligi başga biriniň üstüne atmak we ilatda howsalany ýaýratmazlyk üçin krizisler jemgyýetçilige kiçeldilip görkezilýär. Emma Tähranyň ewakuasiýasy baradaky pikirleriň orta atylmagy, ýagdaýyň nä derejede agyrdygyny we gyssagly çäreleriň zerurdygyny äşgär etdi.

Pezeşkiýan şu hepdäniň başynda parlamentde eden çykyşynda, bu mesele boýunça öz tankytçylaryna ýüzlenip, “suw ýetmezçiligini çözüp biljekdigini öňe sürýänlere doly ygtyýarlyk” berjekdigini aýtdy.

Madani halkyň häkimiýetlere ynamynyň pes bolmagynyň hem meseläni çylşyrymlaşdyrýandygyny belledi.

“Jemgyýet ýagdaýyň nä derejede agyrdygyna doly göz ýetirmeýär, häkimiýetler hem adamlardan sarp edişi çäklendirmegi soramakdan gorkýarlar” diýip, ol aýtdy.

Suw ýetmezçiligi soňky ýyllarda Eýranyň dürli künjeklerinde protestleriň döremegine sebäp boldy. Iň köp üns çekenlerinden biri 2021-nji ýylyň iýul aýynda Huzystan welaýatynda bolup geçdi. Şonda häkimiýetler demonstrasiýalary ganly basyp ýatyrypdy.

Gysga möhletli çäreler bar, ýöne bilermenler heläkçiligiň öňüni almak üçin düýpli özgertmeleriň we kyn syýasy kararlaryň zerurdygyny nygtaýarlar.

Italiýada ýaşaýan durnukly ösüş boýunça bilermen Azam Bahrami Radio Farda bilen söhbetdeşliginde, uzak möhletli çözgüt üçin suw maksatnamalaryny düzmegiň hem-de “suwuň anyk nirelerde bisarpa ulanylýandygyny” anyklamak üçin seljermeleriň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy

“Biz köp zadyň önümçiliginde diňe öz-özümiz boljak bolup, köp suwy isrip etdik” diýip, bilermen belledi.

Eýranyň ýurduň özündäki azyk isleginiň 85%-ni içerki önümçiligiň hasabyna üpjün edýändigi aýdylýar. Bu strategiýa, onlarça ýyllap dowam eden halkara sanksiýalarynyň arasynda, dünýä däne bazarlaryna garaşlylygy azaltmak maksady bilen ýöredildi.

Ýöne bilermenler aglaba gurak klimaty Eýranyň bu çemeleşişini dowam etdirip biler ýaly ýeterlik suw resurslaryna eýe däldigini, uzak wagtdan bäri duýduryp gelýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса