Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Maglumat elýeterliligini çäklendirýän Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli ikinji milli hemrasyny uçurar

0

Amerikanyň “SpaceX” kompaniýasy 2029-njy ýyla çenli ikinji “TurkmenAlem 52E-2” türkmen milli aragatnaşyk hemrasyny uçurar. Bu barada hökümetçi “TurkmenPortal” neşiri “SSI MonacoSat”-iň prezidenti we baş direktory İlhami Aýgüne salgylanyp, 14-nji noýabrda habar berdi.

Neşir Aýgüniň bu barada “Türkmentel – 2025” halkara maslahatynda yglan edendigini belläp, hemranyň eýýäm ilkinji türkmen hemrasyny öndüren fransuz kompaniýasy Thales Alenia Space tarapyndan öndüriljekdigini aýdýar.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmänÄlem 52” emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine uçuryldy. Ony Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy Falcon 9 raketa göterijisi arkaly äleme goýberdi.

“Bu uly üstünlikden soň, Türkmenistan we “SSI MonacoSat” täze we uly maksat bilen – ýurduň aragatnaşyk mümkinçiliklerini geljekki onýyllyklarda güýçlendirmek üçin niýetlenen täze nesil Ku-diapazonly hemra bolan “TurkmenAlem 52E-2” maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirdiler” diýip, neşir Aýgüniň sözlerini sitirledi.

Biziň bilelikdäki meýilnamamyz önümçilik tapgyryna ýene-de Thales Alenia Space kompaniýasy bilen 2026-njy ýylda başlamagy we onuň SpaceX-iň kömegi bilen 2029-njy ýyldan öň, 52 gradus gündogar uzynlykdaky orbital pozisiýamyzdan uçurylmagyny göz öňünde tutýar diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar. Ýurtda köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýtlaryna we sosial ulgamlaryna girmäge mümkinçilik ýok. Petiklenen saýtlara girmek üçin ilat VPN serwerlerini ulanmaga mejbur bolýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса