Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar

0
Lebabyň Türkmenabat şäherinde döwlet tarapyndan maýyplara mugt berilmeli zerur derman serişdeleriniň reseptlerini, dermannamalaryny almak mümkinçiligi barha kynlaşýar diýip, mümkinçiligi çäkli lebaplylaryň ençemesi aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maýyplar şäheriň saglyk öýlerindäki lukmanlaryň reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini belleýärler.
“Men gan basyşyny peseldýän, ýürek-damar ulgamynda tromb emele gelmeginiň öňüni alýan dermanlaryň birnäçe görnüşini mugt ýa-da 50% arzan almak üçin resept ýazdyrmaly. Emma haçan barsam-da, maşgala lukmanym ‘blank ýok’ diýip, ýazyp bermekden ýüz öwürýär” diýip, 2016-njy ýylda ýiti infarkt geçirenden soň, II-nji topar maýyp boýunça maýyplygy hasaba alnan lebaply ýaşaýjy aýtdy.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan maýyplar ýagdaýyň aýdan-aýa ýaramazlaşýandygyny belleýärler.
Olar lukmanlaryň juda seýrek bolsa-da, käte zerur bolan dermanlar üçin reseptleri ýazyp berýändigini, ýöne muňa garamazdan, dermanlary mugt ýa-da arzan bahadan satyn alyp bilmeýändiklerini nygtaýarlar.
"Hökümet dermanhanalarynda-da derman ýok"“Sebäbi şäherdäki degişli hökümet dermanhanalaryna baranyňda, bu dermanlaryň ätiýaçda ýokdugyny aýdýarlar. Ýöne dermanhana işgärleri şol dermanyň düzümine meňzeş başga dermanlaryň bardygyny, olary öz hasabyňa satyn alyp bolýandygyny belleýärler” diýip, lebaply maýyplaryň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, maýyplar hökümet dermanhanalarynda tapdyrmaýan, özlerine resept esasynda mugt berilmeli dermanlary şäheriň hususy dermanhanalaryndan we “Gök” bazaryndan islendik mukdarda satyn alyp bolýandygyny belleýärler.
“Bu nokatlarda dermanlaryň bahasy tas iki esse gymmat bahalanýar. Netijede, maýyplar döwlet tarapyndan özlerine mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilmeli dermanlary öz maddy serişdeleriniň hasabyna, tas iki esse gymmat bahadan satyn almaly bolýarlar” diýip, lebaply II-nji topar maýyp aýtdy.
Ol bu dermanlary satyn alyp bilýänlerden bilmeýänleriň sanynyň has köpdügini belläp, bu ýagdaýlaryň köp maýybyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändigini hem aýtdy.
"Şikaýatlar diňlenmeýär"“Lukmanlaryň resept ýazyp bermeýändigi, hökümet dermanhanalarynda dermanlaryň tapdyrmaýandygy barada sebit saglyk resmilerine, Saglyk ministrligine ýüzlenip, arz-şikaýat edip hem ýadadyk. Menden başga-da şikaýat eden maýyplaryň we olaryň hossarlarynyň sany juda köp. Ýöne hiç kimiň şikaýatlary diňlenmeýär” diýip, lebaply maýyplaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda saglyk bölüminden telefon arkaly teswir almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web sahypasynda maýyplar üçin derman serişdeleriniň mugt ýa-da ýarym mugt görnüşde berilýändigi baradaky maglumatlar görkezilmeýär.
Göz öňünde tutulýan ýeňillikler we hakykatŞol bir wagtda, türkmen hökümeti ýurtda maýyplar üçin aýratyn şertleriň döredilendigini wagtal-wagtal tekrarlap gelýär.
Ýurduň kanunçylygy maýyplaryň birnäçe ýeňillikler, şol sanda döwlet kömek pullary, tölegsiz hyzmatlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.
Muňa garamazdan, maýyplar özleri üçin göz öňünde tutulan ýeňillikleriň aglabasynyň iş ýüzünde galýandygyny, bar bolan ýeňillikler boýunça düzgünleriň ýylsaýyn daraldylýandygyny, kä halatlarda bolsa dogry işlemeýändigini, mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleriň berilmeýändigini ýygy-ýygydan habar berýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri maýyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Şeýle-de, häkimiýetler maýyplygy bolan adamlaryň anyk sany baradaky statistikany ilat köpçüligi bilen yzygiderli paýlaşmaýar. Ýöne 2015-nji ýylda Pensiýa gaznasynyň hasabatlaryna salgylanylyp çap edilen maglumatda ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň sany takmynan 122 müň adam hökmünde görkezildi.
Türkmenistan Maýyplaryň hukuklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса