Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýetmezçilik edýär

0

Agyz suw ýetmezçiligi paýtagt ýaşaýjylary üçin oňaýsyzlyk döredýän uzakmöhletli problema öwrüldi. Ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiligi şäheriň dürli böleklerinde gezek-gezegine kesilýär.

Şu günler Büzmeýiniň, Bagyryň ýaşaýjylary suwsuz kösenýär.

"Büzmeýin etrabynyň, Bagyr ýaşaýyň toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryna suw gije-gündiziň dowamynda bir sagat berilýär" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 18-nji noýabrda gürrüň berdi.

Suw üpjünçiliginiň şeýle çäklendirilen tertipde berilmegi paýtagtyň golaýyndaky Daş gala daýhan birleşigine hem degişli.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, gije-gündiz diňe bir gezek bir sagatdan köp akmaýan suwuň haçan, näwagt beriljegi ilata aýdylmaýar.

"Günüň dowamynda suw her haçan islän wagty bir sagatda akdyrylýar. Kime gabat gelse, ol şol wagt öýde bar bolan gap-çanaklary dolduryp, suw ätiýaçlygyny üpjün edip ýetişýär" diýip, ýene bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginde bökdençlikler häli-şindi ýüze çykýar. Köplenç turbalaryň könelişip, sandan çykmagy muňa sebäp bolýar. Emma çeşmeler paýtagtyň çetki etraplarynda ýaşaýyş jaýlarda, diňe bir tehniki näsazlyklar däl-de, eýse suw üpjünçiliginiň umuman gowşakdygyny belleýärler. Olar munuň sebäbiniň paýtagt üçin suwuň ýetmezçilik etmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Käbir ýaşaýyş toplumynda her gün 3-4 sagat suw berilýän bolsa, kiçi etrapçalaryň käbirlerinde has az bolýar. Çetki kiçi etraplarda we ýaşaýyş toplumlarda agyz suw ýetmezligi gitdigiçe ýitileşýär. Käbir jaýlaryň turbasy könelip, deşilen ýerlerini düzetmek üçin ýaşaýjylaryň suwy birnäçe günläp doly kesilýär, hojalyklar suwsuz oňmaly bolýar" diýip, bagyrly ýaşaýjy aýdýar.

"Bu ýagdaýda käbir maşgalalar şäheriň beýleki ýerlerinde ýaşaýan garyndaşlarynyň öýünde oňşuk etmeli bolýarlar" diýip, ýene bir paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşen aşgabatlylar öz ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň hiç wagtda kadaly bolmandygyny, suwuň duýdurylman kesilmegi, bulamak hapa suwuň gelmegi we suwuň çäklendirilen sagatlarda berilmegi ýaly ýagdaýlaryň onlarça ýyl bäri dowam edýändigini aýdýarlar, emma ozalky ýyllarda turbalary bejermek we suw üpjünçiligini dikeltmek boýuça belli çäreler göze ilen bolsa, häzirki wagtda käbir resmileriň ýagdaýy gowulandyrmak barada hatda wada hem bermeýändigini gürrüň berdiler.

Daş gala daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary özleriniň şu ýagdaýda dört aý bäri ýaşaýandygyny aýdyp, bu ilatly ýeriň suw üpjünçiliginiň Büzmeýine degişlidigini belleýärler.

"Büzmeýin etrabynyň agyz suw kärhanasynyň ýolbaşçylaryna arz-şikaýat edýäris, emma çözgüt tapylmaýar. Kärhananyň ýolbaşçysy howdanlarda suwun çekilmegi sebäpli Aşgabadyň merkezini suw bilen üpjün etmäge zordan ýetýär. Gyralardaky etrabyň ýaşaýjylary öz meseläňizi özüňiz çözüň, isleseňiz howlyňyzda howuz gazdyryp, suwy satyn alyň, isleseňiz guýy gazdyryň, diýip goýberdi" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýyllarboýy saklanýan suw gytçylygynyň arasynda täze gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň, edara jaýlarynyň we dürli infrastruktura desgalarynyň sany gitdigiçe artýar. Suwy köp harçlaýan gymmatbaha kaşaň binalaryň we çüwdürimleriň sany hem artýar.

Aşgabatly çeşmeler döwlet edara jaýlarynyň we paýtagtyň merkezindäki ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlaryň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we häkimiýetler tarapyndan möhüm hasaplanýan beýleki desgalaryň kadaly suw üpjünçiligine esasy üns berilýändigini belleýärler.

"Ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň suw üpjünçiligine ýeterlik üns berilmeýär. Ilatyň kösenmezligi üçin paýtagtda täze jaýlaryň gurulmagynyň, ilat sanynyň köpelmeginiň Aşgabadyň suw üpjünçiligine ýetirýän täsiri ylmy taýdan hasaplanyp, planlaşdyrylmaly" diýip, paýtagtly synçy aýdýar.

Ilat köpçüligi agyz suw ýetmezçiliginden kösenýärkä, Türkmenistan dünýäde suwy iň köp harçlaýan we bisarpa tutýan ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса