Özbegistan 2026-njy ýylda Owganystana elektrik energiýasyny eksport etmek barada ylalaşyk baglaşdy
Özbegistan we Owganystan 2026-njy ýyl üçin elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça ylalaşyga gol çekdiler.
Ylalaşyk 17-nji noýabrda Daşkentde Özbegistanyň Energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow bilen Owganystanyň "Da Afghanistan Breshna Sherkat" (DABS) energiýa kompaniýasynyň direktory Abdul Bori Omaryň arasyndaky gepleşiklerden soň baglaşyldy diýip, Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Owganystandaky iri energiýa taslamalarynyň ilerlemegi barada hem pikir alyşdylar. Bu ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we kiçi stansiýalaryň gurluşygyny öz içine alýar, bu taslamalar boýunça Özbegistan esasy potratçydyr. Taraplar 250 million dollarlyk maýa goýum bukjasyna girýän taslamalar boýunça işleri çaltlandyrmak barada ylalaşdylar.
Bu taslama 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda durmuşa geçirilip başlandy we 500 kW Surhan-Pul-i-Humri elektrik geçirijisiniň gurluşygyny, Daşt-i-Alwan we Argandi podstansiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we 220 kW liniýasynyň Şeýh Mesri podstansiýasyna uzaldylmagyny öz içine alýar.
Proýektleriň 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde işe girizilmeginden soň, Owganystan Özbegistandan 800 bilen 1000 MW aralygynda elektrik energiýasyny alyp biler.
DABS-iň maglumatlaryna görä, Owganystan her ýyl sebit ýurtlaryndan - Türkmenistandan, Eýrandan, Özbegistandan we Täjigistandan takmynan 800 MW elektrik energiýasyny import edýär, ýerli önümçilik bolsa takmynan 250 MW bilen çäklendirilýär. Bu import Owganystana ýylda 250-280 million dollara düşýär.
