Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Lebapda kärendeçilerden pagtanyň gozasyny ýygnap almak işleri batlandy

0
Şu günler Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda daýhan birleşikleriniň wekilleri pagta ýetişdirýän kärendeçi daýhanlardan pagtanyň gozasyny tabşyrmagy talap edip başladylar.
Kärendeçileriň ençemesi geçen ýyl häkimiýetleriň bu ýylky gozalary özlerine bermegi wada berendigini aýdyp, nägilelik bildirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Saýat, Çärjew, Farap we Dänew etraplaryndaky daýhan birleşikleriň wekilleri bu talabyň sebäbini resmi düzgünler bilen düşündirilmeýär, ýa-da resminama görkezmeýärler. Olar diňe “buýruk şeýle” diýmek bilen, dilden jogap berýärler” diýip, çärjewli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Bu talap kärendeçileriň köpüsinde nägilelik döredýär. Daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary kärendeçileriň nägileligini azaltmak maksady bilen, gozalaryň deregine arzan bahadan pagta ýagynyň beriljekdigini aýdýarlar. Emma kärendeçiler bu teklibi ynandyryjy hasaplamaýarlar.
“Her ýyl gozalary mugt diýen ýaly alyp gidýärler. Bu ýyl bolsa, ‘arzandan ýag bereris’ diýýärler. Ýagny, mugt almaklaryna dowam edýärler. Hiç bolmanda kompensasiýa beräýseler” diýip, dänewli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
“Pagtanyň gozasy indiki ýyl özüňizde galar”Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň resmi web sahypasynda gozanyň satyn alyş nyrhy ýa-da ýerlemek düzgünleri barada aç-açan maglumatlar göze ilmeýär.
Ýöne kärendeçileriň sözlerine görä, häkimiýet wekilleri her ýyl “pagtanyň gozasy indiki ýyl özüňizde galar” diýip dilden wada berýärler.
Kärendeçiler pagta ýygymynyň tamamlanmagynyň yz ýanynda, gozalaryň öz hojalyklary üçin möhüm “baýlyk” bolup durýandygyny aýdýarlar.
“Biz gozalary mallarymyza iýmit hökmünde berýäris ýa-da ýerli bazarda satyp, ýylyň agyr çykdajylaryny bölekleýin ödeýäris. Şonuň üçin gozanyň alynmagy maliýe ýagdaýymyza gönüden-göni zarba urýar” diýip, saýatly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen hökümeti her ýylyň ýygym möwsüminde ýüzlerçe müň gektar meýdana ekilen “pagtanyň ýeke hanasyny hem isrip etmezlik” syýasatyny alyp barýar.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler gowaçanyň açylman galan gozalary bilen bagly meseläni köp ýyllaryň dowamynda üns merkezinde saklap gelýär.
Azatlyk MHM we polisiýa ofiserleriniň gizlenen gozalaryň üstüni açmak üçin pagta meýdanlaryna duýdansyz reýd geçirýändigi barada ençeme gezek habar berdi.
"Döwletiň ammaryna däl-de, emeldarlaryň fermalaryna iberilýär"Bu aralykda, lebaply kärendeçiler gozalaryň uly böleginiň döwlet ammaryna däl-de, ýerli emeldarlaryň hususy mal fermalaryna ugrukdyrylýandygyny aýdýarlar.
“Emeldarlaryň giden mal sürüleri bar. Olar etini goňşy ýurtlara gymmat bahadan satýarlar. Biziň gozamyz bolsa, olaryň malyna iýmit bolýar. Biz öz mallarymyzy poslan buhanka çöregi bilen ýa-da gymmat bahadan satylýan şrot bilen bakmaly bolýarys” diýip, çärjewli kärendeçi aýtdy.
Kärendeçiler soňky ýyllarda sebit emeldarlary we olaryň garyndaşlary tarapyndan açylan hususy maldarçylyk fermalarynyň sanynyň ep-esli artandygyny hem belläp, eden-etdilikler barada hiç bir edara arz edip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
“Arza bersek, ertesi gün ýerimizi, ýyllyk şertnamamyzy ýitireris” diýip, faraply kärendeçi anonimlik şertinde belledi.
Ýerli synçylaryň birnäçesi ýurtda oba hojalygy ulgamynyň sistemaly ýagdaýda korrupsiýa bilen özara baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Kärendeçi bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklarda aç-açanlyk ýok, ähli çözgütler ýerli ýolbaşçylaryň ýörite görkezmesine esaslanyp kabul edilýär” diýip, oba hojalygy pudagyna ýakyndan syn edýän lebaply synçy anonimlik şertinde belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri oba hojalygyndaky problemalar, daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada aç-açan maglumat berip, mesele gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса