Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Maryda hususy dükanlardan eti arzan satmak talap edilýär

0

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda et dükanlaryndan satylýan etiň bahasyny arzanlatmak talap edilýär. Bu ýagdaý etiň täjirçilik bahasynyň ýokarlanyp, döwlet dükanlarynda pes hilli arzan etiň gytçylygynyň saklanýan wagtyna gabat geldi.

Baýramalynyň etrap bazaryndaky döwlet dükanlarynda arzan et hepdede iň gün satuwda peýda bolýar. Gelip çykyşy görkezilmedik doňdurylan bu etiň hyrydary aşa köp bolup, bu önüm daňdan sagat 5 we 6 aralygynda bir sagada ýetip-ýetmän satylyp gutarýar. Bu etiň 1 kilogramy 35 manatdan satylýar. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 10 amerikan dollaryna barabar-red.)

Şol bir wagtda hususy et dükanlarynda satylýan etiň ortaça bahasy 100 manada barabar. Emma et satyjylaryna şu günler basyş edilip, eti arzan satmak tap edilýär.

"Et dükanlaryna baryp, özlerini häkimligiň we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri diýip, tanyşdyrýan raýat geýimli adamlar: '1 kilogram göle eti näçeden diýip, soraýarlar we bahasyny peseltmegi talap edýärler. Et dükan eýeleri 1 kilogram süňkli göle etiniň bahasy 100 manat diýip, aýtsa indi etiň bahasyny arzan satmaly 90 manat bolmasa dükanyňy ýap diýýärler" diýip, maryly çeşme 19-njy noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly telekeçiler etiň nyrhyny peseltmek baradaky talaby ýerine ýetirmek mümkin däl diýýärler. Olaryň sözlerine görä, agzalan nyrhdan satylsa, girdeji bolmaýar.

"Biz mal satyn alyp söwdalaşanymyzda 1 maly terezä goýup, 1 kilogram eti 95 manatdan alýarys. Onsoň nädip 90 manatdan sataly. Emma häkimiýet wekilleri bizi diňlemeýärler. Nädip hasap çykarsaň, çykar, ýöne etiň bahasy 90 manat bolsun, bolmasa eklenç çeşmäňi ýaparys diýip haýbat atýarlar" diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Et dükançylarynyň sözlerine görä, söwda onsuzam ýaramaz. Ilatyň alyjylyk ukyby pes bolup, et satyn alýan alyjy azalýar.

"Häzir menden söwda edýän müşderi et gymmatlany bäri onsuzam azaldy. Indi men etiň bahasyny arzanlatmak üçin süňküni kän goşup, satmaly bolaryn. Emma ete şonça pul tölän adamyň süňk alasy gelenok, et alasy gelýär. Men arzan et garyp, ol barja müşderimäm gidirmelimi" diýip, maryly dükançylaryň ýene biri aýdýar.

Azatlyk Radiosy Baýramaly etrabynyň häkimliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Et satýan dükan eýeleri soňky aýlarda malyň örän gymmatlandygyny aýdýarka, maldarçylyk bilen meşgullanýan raýatlar mal saklamagyň girdeji getirmeýändigini gürrüň berýärler. Olar öri meýdanlarda otuň, suwuň ýetmezçilik edýändigini, mal üçin iýimi satyn almagyň örän gymmatdygyny, mallaryň hordugyny we dürli keselleriň häli-şindi ýüze çykýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmenistanda etiň gytalmagy we gymmatlamagy soňky aýlarda hasam güýçlendi. Oktýabryň aýagynda hususy söwda nokatlarynda etiň bahasy özüniň rekord derejesini täzeläp, 155 manada ýetdi.(Merkezi Bankyň kursy boýunça 44,2 amerikan dollaryna barabar).

Türkmenistanlylar eti birnäçe hepdeläp, käte aýlap iýip bilmeýan maşgalalaryň köpelýändigini aýdýarlar. Bu barada hem Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar, hem-de sosial mediada peýda bolýan köpsanly wideo maglumatlarda habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса