Türkmenistanlylar, Eýrandaky suw krizisiniň arasynda, gezegiň özlerine ýetmeginden aladalanýar
Olaryň köpüsi türkmen häkimiýetleriniň bu barada dymmagyna nägilelik bildirip, Türkmenistanda agyz we ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginiň hem krizis derejesine ýetendigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahal, Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan maglumat berdiler.
Bu waka, goňşy Eýranda gurakçylygyň soňky 50 ýylyň dowamynda iň pes derejesine we suw üpjünçiliginiň krizis derejesine ýeten we Merkezi Aziýada suw krizisiniň ýitileşýändigi, suw sarp edilişiniň howply derejelere ýetendigi baradaky habarlaryň ýygjamlaşan mahalyna gabat geldi.
“Ahalyň Sarahs, Babadaýhan, Derweze etraplarynda häzirki günde ýiti suw ýetmezçiligi duýulýar. Bu meselede goňşy Eýran bilen serhetdeş Sarahs etraby has uly zyýan çekýär. Suw akabalar 35 ýyldan bäri tas umuman gazylanok, serhetýaka ýaplar boşap galdy, suw üpjünçiligi uly problema öwrüldi” diýip, sarahsly ýaşaýjylaryň ençemesi anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda suw üpjünçiligi bilen bagly problema ýyllarboýy dowam edýär. Häzirki wagtda ýurtda güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek işleri dowam edýärkä, kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy suw ýetmezçiliginden zeýrenýär.
Ýurtda diňe ekerançylyk suwlary däl, eýsem, ilatyň kadaly agyz suw üpjünçiligi hem ýiti mesele bolmagynda galýar. Ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiliginiň günde birnäçe sagatlap kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.
“Balkanyň Balkanabat, Gyzylarbat, Hazar, Garabogaz ýaly şäherlerinde, Daşoguzda we hatda paýtagt Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynda suw yzygiderli kesilýär. Emma häkimiýetler özlerini, hamala, bu problemalar ýok ýaly alyp barýarlar. Adamlar özara söhbetdeşliklerde muňa nägilelik bildirýärler” diýip, Ahalyň suw hojalygy edarasynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýaşaýjylar häkimiýetleriň goňşy ýurtdaky suw krizisini agzamaýandygyna hem nägilelik bildirýärler. Olar ýagdaý şu görnüşde dowam etse-de, häkimiýetler tarapyndan agzalmaýan bu krizisiň ýakynda özüni Türkmenistanda hem ýiti derejede görkezip biljekdigine alada bildirýärler.
Bellesek, Eýranda onlarça ýyllap dowam eden suw krizisi soňky hepdelerde aýgytly pursadyna ýetdi. Geçen hepde prezident Masud Pezeşkiýan suw krizisiniň Tähranyň käbir sebitleriniň ewakuasiýasyna eltmeginiň mümkindigini duýdurdy, we munuň hatda paýtagty göçürmek ähtimallyklaryna çenli getirip biljekdigini belledi.
Suw resurslarynyň azalmagyna sebäp bolan güýçli gurakçylyk Eýran häkimiýetlerini ýagyş ýagmagyny ýeňilleşdirmek üçin howa himiki maddalary sepmäge mejbur etdi. 15-nji noýabrda başlanan bu tagallalar ýurduň günbatar welaýatlarynda güýçli ýagyşa we güýçli suw joşmasyna sebäp boldy.
Bu aralykda, Balkanyň Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynyň ençeme ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, klimatyň yzygiderli üýtgemeginiň netijesinde sebitde ýagyş suwlary tas dolulygyna ýitip barýar.
“Etrek we Sumbar derýalarynda suwuň derejesi ep-esli azaldy. Ýerli suw bilermenleriň birnäçesi bularyň suwunyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda 90% azalandygyny çaklaýarlar. Ýagdaý şeýle dowam etse, suw krizisiniň has ýiti derejä öwrüljegi ikiuçsyz” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Bu aralykda, Mary welaýatyndaky habarçymyz Amyderýanyň akar suwunyň mukdarynyň hem soňky dört günüň dowamynda ep-esli çekilendigini habar berýär.
“Derýanyň käbir ýerleri düýbünden gurady” diýip, ol 19-njy noýabrda aýtdy.
Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň suwy üpjün edýär. Öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýan we Owganystanyň demirgazygyndan akyp gelýän derýanyň takmynan 1000 kilometre barabar bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.
“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýanyň akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi we gurluşygyň bäş ýylda tamamlanjagyny aýtdy.
Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýduryp gelýärler.
Merkezi Aziýa eýýäm dünýäde adam başyna düşýän suwuň iň uly sarp edijileriniň arasynda durýar. Sebitiň bäş ýurdunyň arasynda bolsa, Türkmenistan bu babatda birinjiligi eýeleýär.
Dünýä ýurtlarynda suwuň sarp edilişiniň mukdary barada maglumat berýän “Worldometers” neşirine görä, dünýäde adam başyna günde ortaça 1,190 litr suw sarp edilýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada öňdeligi eýeleýär we ýurtda adam başyna günde 15,445 litrden gowrak suw sarp edilýär. Neşir munuň esasan pagta meýdanlarynyň köp mukdarda suwarylmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
Bu görkezijiler Özbegistanda 4,778 litrden gowraga, Täjigistanda 4,460 litre, Gyrgyzystanda 4,153 litre we Gazagystanda 3,397 litre barabardyr.
“[Türkmenistanda] suwuň aşa köp mukdarda sarp edilişine garamazdan, ilatyň 39,6%-ne arassa suw elýeterli däl. Ýurt suwaryş ulgamlarynyň netijesizligi we daşarky suw çeşmelerine düýpli garaşlylyk sebäpli uly töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, “Asia-Plus” neşiri 8-nji oktýabrda çap eden maglumatynda aýtdy.
“APN” neşiriniň 17-nji noýabrda çap eden maglumatynda hem Türkmenistanyň sebitde suwy iň köp sarp edýän ýurtdugyna üns çekilýär. Maglumatda, BMG-niň hasabatyna salgylanylyp, muňa Türkmenistanyň infrastrukturasynyň we kommunal ulgamlarynyň aşa könelişen bolmagynyň, bularyň bugarmak sebäpli uly suw ýitgilerine getirmeginiň we beton kanallarynyň sanynyň az bolmagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna uly agram düşýändigini barada duýduryş çap edilipdi.
Yssy we gurak klimatly Türkmenistanyň uly bölegini çöl tutýar. Türkmen hökümeti ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary agzamazdan, ýurduň çäginde suwdan rejeli peýdalanmak barada wagtal-wagtal çykyş edýär, ýöne bu babatda alnyp barylýan anyk işler barada aç-açan hasabat bermeýär. Şeýle-de, ýurtda “artdyrylýan” oba hojalyk önümçiliginiň suw resurslaryna ýetirýän ýaramaz täsiri barada hem mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
