Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdi

0

Türkiýe öz giňişliginde tussag edilip, ýitirim bolan türkmen aktiwisti Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýüz öwürdi. Bu barada Türkiýäniň Ankara şäherinde noýabryň başynda geçirilen sud diňlenişiginiň kararynda aýdylýar.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki fondy" (THF) Alişer Sahatowyň işi boýunça 3-nji noýabrda geçirilen diňlenişigiň 2025/4248 belgili sud kararynda Türkiýe Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýüz öwürýändigini tassyklady diýip, 19-njy noýabrda ýazdy.

"Türkiýe... diňe Ýewropadan gelen adamlara bosgun statusyny ykrar edýär; Ýewropadan daşary ýurtlardan gelen adamlara 'başpena gözlemäge dalaşgär statusy berilýär" diýip, THF-nyň çap eden sud kararynda aýdylýar.

Maglumatda Türkmenistanda adam hukuklarynyň yzygiderli we gödek depelenmegi baradaky maglumatlaryň suda berilmegine garamazdan, sudýa arzçynyň rehimsizlige duçar bolmagyna "çynlakaý töwekgelçiliginiň" ýokdugy barada netijä geldi diýlip, bellenýär.

Mundan öň, 23-nji oktýabrda Ankarada 26-njy Administratiw sudy iki türkmen bloggeri Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň Türkiýäniň Immigrasiýa müdirligine garşy şikaýaty esasynda, deportasiýa işi boýunça diňlenişik geçirdi. Sudýa bu iş boýunça bir-iki aýyň dowamynda gutarnykly karar çykaryljagyny aýdypdy.

Apreliň aýagynda tussag edilip, Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanan bu iki türkmen raýaty 24-nji iýuldan soň dereksiz ýitdi we şondan bäri olaryň ykbaly nämälim galýar.

Sahatowyň aýaly Gullala Hasanowa suduň kararyndan Türkiýäniň Konstitusion suduna şikaýat etjegini aýtdy.

"Kazynyň delillerine haýran galdym. 24-nji iýulda Edirne deportasiýa merkezinden çykandan bäri Alişer barada hiç hili habar ýok. Bu eýýäm hakyky howp we kemsitme dälmi?" diýip, THF Gullala Hasanowany sitirledi.

39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkiýede dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirýärler.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.

Şu aralykda, Türkmenistanyň adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowanyň Alişer Sahatowyň hossarlarynyň soragyna jogap berendigi belli boldy. THF resmi jogabyň türkmençeden rusça terjimesini çap etdi.

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Alişer Sahatowyň Türkmenabatdaky hossarlarynyň haýyşyna olaryň Ombudsmene ýüz tutmazlaryndan öň, ýerli kanunlar esasynda, ilki bilen degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga hukuklarynyň bardygyny düşündirmek bilen, başga hiç bir zat aýtman jogap beripdir.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" Sahatowyň we Orusowyň ýagdaýy boýunça BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça komitetine arz etdi we onuň bu işe garamak üçin eden şikaýaty kabul edildi.

BMG-niň ähli adamlary zorlukly ýitirim bolmakdan goramak baradaky Jarnamasyna görä, zorlukly ýitirim etmegiň islendik hereketi oňa sezewar edilen adamlary kanunyň goragyndan daşarda goýýar, olar we olaryň maşgalalary agyr ejir çekýär we bu halkara hukugynyň bozulmagy bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса