Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Azatlyk Radiosynyň Wengriýa gullugy işini bes etdi

0

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Wenger gullugy, Wenger halkyna garaşsyz we dogry habarlary bermek missiýasy bilen täzeden açylandan bäş ýyl soň, 21-nji noýabrda ýary gije ýapyldy.

Diňleýjilerine beren beýanatynda, gulluk öz toparynyň "Wengriýadaky diňleýjilere garaşsyz žurnalistikany ýetirmek üçin öz janyny aýamaýan zähmet çekendigini" aýtdy.

"Okyjylarymyza ynam, gatnaşygy we goldawy üçin çuňňur minnetdardyrys" diýilip, beýanatda aýdylýar.

Gulluk tarapyndan öndürilen mazmun internetde elýeterli bolar.

Radionyň prezidenti Stiwen Kapus Wenger gullugynyň žurnalistleriniň işine ýokary baha berdi.

"Olaryň hünär ussatlygy, ygrarlylygy we missiýamyza goşan dowamly goşandy biziň üstünligimiz üçin örän möhüm boldy we gullugyň goşan ähli goşandy üçin çuňňur minnetdar bolmagymyzy dowam etdirýäris" diýdi.

Azatlyk Radiosynyň Wenger gullugy 2020-nji ýylda ABŞ Kongresiniň karary bilen täzeden açyldy. Mundan öň, ol 1950-nji ýyldan 1993-nji ýyla çenli işledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna gözegçilik edýän Birleşen Ştatlaryň Global Media Agentligi (USAGM) 5-nji noýabrda ABŞ-nyň Kongresine Wenger dilinde gepleşikleri bes etmek niýeti barada habar berdi. Bu karar 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda güýje girdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса