Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy

0

Kaliforniýa uniwersitetiniň Emmett instituty tarapyndan amala aşyrylýan "STOP Metan" proýekti 2025-nji ýylda nebit-gaz pudagynda iň köp metan syzdyrýan ýurtlaryň sanawyny çap etdi. Sanawdaky desgalaryň köpüsi Türkmenistanda ýerleşýär.

Guramanyň websaýtynda çap edilen sanawda ýylyň başyndan bäri dünýäde metanyň iň uly mukdarda syzmagy hasaba alnan 25 desganyň 17-si Türkmenistana degişli bolup, Balkanabat, Esenguly we Ruhabat görkezilýär. Bu ýerde ýurduň iri nebit-gaz desgalary ýerleşýär.

2025-nji ýylda emeli hemra arkaly alnan maglumatlar dünýäde nebit-gaz pudagyndaky 1900-den gowrak ýerde 3100-den gowrak metan zyňyndysynyň bolandygy görkezýär. Bu ýerler dürli girdeji derejelerine eýe bolan onlarça ýurtda we dünýäniň ähli sebitlerinde ýerleşýär diýlip, maglumatda iň güýçli we uzak wagtlyk metan syzmalaryna jogapkär 25 sany desga aýry toparda görkezilýär.

Maglumatda görkezilen metan zyňyndysynyň tizligi sagatda 3,7-den 10 tonna metana çenli üýtgeýär.

"Bellemeli zat, sanawyndaky çeşmeler diňe birnäçe ýurtda jemlenýär, sanawyň köp bölegi Türkmenistanyň nebit we gaz meýdançalaryna degişli. Şeýle hem käbirleri Wenesuelada, Eýranda, Pakistanda we Birleşen Ştatlarda ýerleşýär" diýlip "STOP Metan" proýekti ýazýar.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri dünýäde iň uly mukdarda metan syzdyrýan ýurtlaryň arasynda yzygiderli agzalýar.

2023-nji ýylda Britaniýanyň “The Guardian” neşiri Türkmenistanyň 184 sany “ýokary gaz syzma” hadysasyna, 2022-nji ýylda dünýäniň iň köp bug gazynyň howa goýberilmegine jogapkär bolandygyny ýazdy. Bu ýurduň howa goýberen gaz syzmalarynyň biriniň howanyň hapalanmagyna 67 million awtoulagyň goýberen hapa gazy derejesinde goşant goşandygy aýdyldy.

Şol ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurtda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy diýip, habar berdi.

Geçen ýylyň noýabrynda "Bloomberg" neşiri “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýurduň ýangyç ýataklaryndan syzýan metan zyňyndylarynyň mukdaryny takyk kesgitlemek üçin hünärmen çekmek, tender yglan etmek meýilleriniň bardygyny habar berdi. Şol ýylyň iýun aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri Garagumda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagynyň oduny öçürýärler diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Russiýanyň TASS habar gullugyna salgylanyp ýazdy.

2022-nji ýylda "Bloomberg" neşiri "Daşky gurşaw ylymlary we tehnologiýalary" (Environmental Science & Technology) neşirinde çap edilen derňewe salgylanyp, Türkmenistanyň günbataryndaky 29 sany nebit we gaz enjamy bejerilse, onda bu sebitiň klimata ýaramaz täsirini ep-esli azaldyp boljakdygyny belläpdi.

2024-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň (EDF) MethaneSAT hemrasy arkaly düşürilen ilkinji suratlary çap etdi we ABŞ-nyň, Türkmenistanyň hem-de Wenesuelanyň esasy ýangyç ýataklaryndan howa ýaýraýan metan zyňyndylary görkezdi.

Bu maglumatda nebit we gaz ýataklarynyň eýeleriniň resmi taýdan yglan eden mukdarlaryna garanda has köp metan gazynyň syzýandygy we howa ýaýraýandygy aýdylyp, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň şu onýyllykda metan zyňyndylaryny 30% azaltmak baradaky global tagallalar ylalaşygyna gol çekendigi bellendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса