Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Lebapda we Daşoguzda suw ýetmezçiligi ýitileşýär. Muňa näme sebäp bolýar?

0
Şu günlerde Türkmenistanda suw ýetmezçiligi ýurduň oba hojalygynda has ýiti duýulýar. Ýurduň dürli künjegindäki daýhanlaryň ençemesi güýzlük we gyşlyk suwaryş işleri üçin suwuň ýeterlik däldigini, ýaplarda we akabalarda suwuň ýokdugyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji noýabrda Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Lebap welaýatynyň Halaç, Garabekewül, Saýat, Farap, Dänew etraplarynda ekerançylyk ýerlerinde ýiti suw ýetmezçiligi emele geldi. Nohut, şaly, bugdaý ýaly güýzlük-gyşlyk ekinleriň suwaryşyna juda ýaramaz täsir edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Daýhanlaryň ençemesi bu barada ýerli häkimiýetleriň çäre görmeýändigini, sebit resmilerine edýän arz-şikaýatlarynyň hem netije bermeýändigini belleýär.
“Bu ýagdaýda hasylyň we girdejimiziň pes boljagy, ýeri kärendesine alyp, ekin ekýän daýhanlaryň döwlete bergili çykjagy aýdyň” diýip, saýatly daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
"Onlarça kanala we ýaba suw çykyp bilmeýär"Sebitde suw ýeter-ýetmezçiligi eýýäm onlarça ýyl bäri dowam edýär. Ýöne daýhanlar munuň soňky birnäçe ýylda has-da ýitileşýändigini we muňa Amyderýada suwuň has peselmegi netijesinde, derýadan uzap gidýän onlarça kanala we ýaba suw çykyp bilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Sebäbi bir tarapdan suwuň akymy peselse, beýleki tarapdan, ýaplar we kanallar wagtly-wagtynda gazylmaýar. Ady agzalan etraplaryň köpüsinde kanallar we ýaplar eýýäm 15-20 ýyldan gowrak wagt bäri, kä ýerlerde sowetler döwründen bäri düýbünden gazylanok, netijede, ýylyň-ýylyna peselýän derýa suwy şol akabalara çykyp bilenok” diýip, halaçly oba hojalyk hünärmeni anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, onýyllyklaryň dowamynda könelip, kuwwaty peselip, sandan çykyp barýan ýa eýýäm sandan çykan suw nasoslary wagtly-wagtynda bejerilmeýär.
“Täzeleri satyn alnanok, şol sebäpli hem, akabalara suwuň berlişi örän gözgyny ýagdaýda bolmagynda galýar” diýip, hünärmen belledi.
Hut şunuň ýaly agyr ýagdaýlar Daşoguzda hem göze ilýär. Welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy (ozalky Oktyabr), Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýiti suw ýetmezçiligi duýulýar.
“Bu etraplarda hem häkimiýetlerden daýhanlara hiç hili kömek ýok. Suw ýetmezçiligi daýhanlary ekin meýdanlaryny zeý suwlary ýa-da bikanun ýerasty suwlar bilen suwarmaga mejbur edýär. Köp daýhan bu ýyl hem zyýan çekjekdigini aýdýar” diýip, ýagdaýlardan habarly boldumsazly daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýerli daýhanlaryň we oba hojalyk hünärmenleriniň ençemesi welaýatyň ekerançylyk ýerlerinde ýiti suw ýetmezçiliginiň esasy sebäbini Amyderýadan gözbaş alýan Türkmen we Şabat kanallarynyň suwunyň örän pes ýagdaýda bolmagy bilen düşündirýär.
"Prezidente ýüz tutmagy aç-açan aýdýarlar"“Daýhanlaryň arasynda suw ýetmezçiligi meselesinde uly nägilelik döreýär. Köp halatlarda oba ýaşaýjylary köpçülikleýin arz edip, etrap häkimliklerine ýüz tutýarlar. Emma ýerli häkimiýetler bu meselede Aşgabada we prezidente ýüz tutmagy aç-açan aýdýarlar we "Aşgabatdan, ýokardan suw nasoslarynyň remontyna ýa çalşygyna pul berilmeýändigini" belleýärler” diýip, köneürgençli daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalan sebitleriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda oba hojalygy bölümlerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda suw üpjünçiligi bilen bagly problema ýyllarboýy dowam edýär. Diňe ekerançylyk suwlary däl, eýsem, ilatyň kadaly agyz suw üpjünçiligi hem ýiti mesele bolmagynda galýar.
Hünärmenler owgan hökümeti tarapyndan Amyderýanyň akabasynyň ugrunda gurulýan ägirt uly Koştepe kanalynyň bu meseläni mundan-da köp ýitileşdirjekdigini, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýduryp gelýärler.
Yssy we gurak klimatly Türkmenistan dünýäde adam başyna düşýän suwuň iň uly sarp edijileriniň arasynda durýar, bu babatda Merkezi Aziýada birinjiligi eýeleýär.
Türkmen hökümeti ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary agzamazdan, ýurduň çäginde suwdan rejeli peýdalanmak barada wagtal-wagtal çykyş edýär, ýöne bu babatda alnyp barylýan anyk işler barada aç-açan hasabat bermeýär.
Şeýle-de, ýurtda “artdyrylýan” oba hojalyk önümçiliginiň suw resurslaryna ýetirýän ýaramaz täsiri barada hem mesele gozgalmaýar.
Gurakçylyk we suw ýeter-ýetmezçiligi tutuş sebitde, şol sanda goňşy Eýranda hem ýyllarboýy ýiti mesele bolmagynda galýar. Soňky hepdelerde has-da ýitileşen bu mesele, Eýran häkimiýetlerini ýagyş ýagmagyny ýeňilleşdirmek üçin howa himiki maddalary sepmäge mejbur etdi. Bu bolsa, ýurduň günbatar welaýatlarynda güýçli ýagşyň ýagmagyna we suw joşmalaryna sebäp boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса