Türkmenistanda Mämmetköl we Delili suw howdanlary guraýar
Türkmenistanyň Balkan sebitindäki gurakçylyk sebäpli, Etrek derýasyndan joşan suwlary ýygnaýan Mämmetköl we Delili suw howdanlary doly gurady diýip, Meteožurnal” neşiri 23-nji noýabrda habar berdi.
2024/2025-nji ýyllaryň sowuk möwsüminde ýagyş-ýagmyryň ýetmezçiligi sebäpli, suw howdanlary gerek bolan suwy doly möçberde toplamakdan geçen, öňki bolan suwyny hem saklap bilmedi we onuň bir bölegini ýitirdi.
Bu ýagdaý sebitde dowam edýän gurakçylyk, ýazda suw howdanlarynyň boşamagy we derýadan joşan suw arkaly gaýtadan dolmansoň, bugaryp, bolanja suwunyň hem bir bölegini ýitirmegi bilen düşündirilýär.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ilkinji on günlüginde Mämmetköl suw howdanynyň umumy suw meýdany 3,26 km2, derýanyň aşaky akymynda ýerleşýän Delili suw howdanynyň meýdany bolsa bary-ýogy 0,2 km2 boldy.
2025-nji ýylyň mart aýynyň ilkinji on gününde Mämmetköl suw howdanynyň meýdany 2,5 km²-e çenli kiçeldi, Delili suw howdany bolsa tas 0,08 km²-e çenli gurady.
Şeýlelikde, gyşda, möwsümden daşary döwürde suw howdanlary suw toplamakdan geçen, eýsem noýabr aýynda bolan suw möçberini hem ýitirdi.
Maý aýynyň ilkinji on günlüginde Mämmetköl suw howdanynyň suw meýdany 0,65 km2-e çenli azalyp, Delili suw howdany doly gurady diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, neşir Mämmetköl suw howdanyň iýun aýynyň başynda doly gurandygyny belleýär.
Bu suw howdanlary 1964-nji we 1970-nji ýyllarda ulanmag berlipdi.
Hünärmenler häkimiýetleriň öňki ýyllarda gurlan suw desgalaryny ýerlikli ulanyp bilmändigini we olaryň kem-kemden ýitirilmegine sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.
Türkmen metbugaty ýurtdaky gurakçylyk, suw ýetmezligi sebäpli döreýän meseleler barada ilata habar, maglumat bermegi zerur hasaplamaýar ýa döwlet senzurasy sebäpli dymmaly bolýar.
Türkmenistan, ýurtdaky mejbury zähmetiň esasy çeşmeleriniň biri hasaplanýan pagtaçylyk zerarly, suwy bisarpa ulanmakda tankyt edilýär.
