Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Balkanda humar oýunlarynyň meşhurlygy artýar, uly mukdarda pul ýitirip, janyna kast edýänler ‘köpelýär’

0
Balkan welaýatynda humar oýunlarynyň dürli görnüşleri köpelýär. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, bularyň ilat arasynda meşhurlygy artýar.
Bu oýunlarda müňlerçe manat pul ýitirip, maşgalalary dargaýan ýa-da öz janyna kast edýän adamlar hem göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygy, infiliýasiýa raýatlary, hususan-da, ýaşlaryň köpüsini bu oýunlary oýnamaga iterýär. Ýaşlar tiz köp pul gazanmak maksadynda dürli myş-myşlara, reklamalara ynanyp, dürli onlaýn humar oýunlary oýnaýarlar. Olar karz alyp, ‘köp pul dikip, köp pul gazanyp bolýar’ diýen sözlere, programmalara ynanyp, uly mukdarda pul ýitirýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Sebitde humar oýunlarynyň poker, kartany pully oýnamak, it urşy, horaz urşy we dürli saýtlarda onlaýn oýnamak ýaly görnüşleri bar. Türkmenbaşy şäherinde bolsa, adamlar öýlerde ýa-da myhmanhanalarda üýşüp, kartany pula oýnaýarlar.
“Şäherde humar oýunlaryň ýerli dillerleri hem köpeldi. Olar oýunlara agza bolmak isleýän adamlara hasap açyp, olaryň hasabyna islendik mukdarda pul geçirip berýärler. Soňky aýlarda ‘bikanun kazinoçylar’ diýip tanalýan bu adamlara ne polisiýa, ne MHM sesini çykarýar. Olaryň arkasynda ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň bardygy aýdylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
"Maşgalalar dargaýar, janyna kast edýän köpelýär"Onuň sözlerine görä, ýerli kanun goraýjy edaralarda bu emeldarlaryň onlaýn humar oýunlarynyň bukjalaryny satyn alyp, Türkmenistan boýunça öz adamlaryna satdyryp, uly gazanç edýändikleri barada gürrüňler bar.
Sebitde humar oýunlarynyň görnüşleri köpelip, ilat arasynda meşhurlygy artýan mahaly, bu oýunlarda müňlerçe manat pul ýitirip, maşgalalary dargaýan ýa-da öz janyna kast edýän adamlar hem göz-görtele köpelýär.
“Soňky alty aýda Balkanabatda we Türkmenbaşyda, bize mälim bolan maglumatlara görä, humar oýunlarynda uly pul utduryp, 13 raýat öz janyna kast edip öldi. Olaryň 5 sanysy mekdep ýaşyndaky ýetginjek ýaşlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýakynda Balkanabatda bolan wakalaryň birinde, 30 ýaşyndaky gelin adamysy 150 müň manat karz alyp, ony onlaýn humar oýnunda ýitirenden soň, öz janyna kast edýär.
Azatlykda bu wakanyň haçan, nirede bolandygyny we janyna kast eden gelniň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Ýaşaýjylaryň we saglyk işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, humarda uly mukdarda pul ýitirenden soň öz janyna kast eden adamlaryň ýa-da olaryň maşgala agzalarynyň ölüm resminamalaryna “tarpa-taýyn jan berendigi” ýazylýar.
“Öz janyna kast eden adamlaryň öýüne baranymyzda, polisiýa bize merhumlaryň ölüm resminamalarynda “olaryň humarda uly mukdarda pul ýitirenden soň janyna kast edendigini’ görkezmezligi tabşyrýar. Polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, ‘humar oýunlary sebäpli pul ýitirendigi, janyna kast edendigi’ barada resminama düzetmezlik hakda ýokardan görkezme berlipdir” diýip, saglyk işgäri belledi.
"Aýalyny karta oýnuna utdurypdyr"Bu maglumaty polisiýadaky çeşmämiz hem tassyklap, ‘humar oýunlarynyň arkasynda ýokary derejeli emeldarlaryň durandygy’ sebäpli uly karz boýnuna düşüp, özüni asan adamlaryň ölüminiň derňelmeýändigini aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Polisiýa we Saglyk müdirliklerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýagdaýlara ýakyndan syn edýän ýerli synçylaryň birnäçesi 'umumy jemgyýete täsir edýän humar oýunlarynyň arakhorlykdan hem beter zyýan ýetirýändigini', ýöne bu babatda häkimiýetler tarapyndan hiç hili çäre görülmeýändigini aýdýar.
“Aýalyny karta oýnuna utdurypdyr, maşynyny, öýüni utdurypdyr diýen sözler 1990-njy ýyllaryň soňunda 2000-nji ýyllaryň başynda eşiderdik. Indi bolsa, tas her aýda şuňa meňzeş wakalary görmek we eşitmek bolýar. Häkimiýetler bu meselä çäre görmek beýle dursun, hatda ony agzamaýarlar” diýip, synçy belledi.
Türkmenistanda humar oýunlary ýörite kanunçylyk bilen düzgünleşdirilmeýär. Ýöne ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi humarly oýunlary oýnamagyň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlara jerime töleglerini göz öňünde tutýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ilat arasynda onlaýn humar, bije, lotereýa ýaly oýunlar giňden ýaýbaňlanýar. Şeýle-de, ýurduň dürli sebitlerinde wagtal-wagtal pul goýlup, itler ýa-da horazlar hem uruşdyrylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu oýunlar, şeýle-de it we horaz uruşlary we bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada habar berip, aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса