Täjik-owgan serhediniň golaýynda bolan hüjümde üç hytaý raýaty öldi.
Täjigistanyň Daşary işler ministrligi täjik-hytaý kompaniýasynyň işgärlerine ýaragly hüjüm edilendigini we netijede üç hytaý raýatynyň ölendigini habar berdi.
27-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda Daşary işler ministrligi hüjümiň 26-njy noýabr gijesi Şamsiddin Şohin etrabyndaky "Şohin SM" altyn gazyp çykarýan kompaniýasynyň işgärleriniň bazasyna owgan tarapyndan edilendigini aýtdy.
Ministrligiň maglumatyna görä, hüjüm Owganystanyň territoriýasyndan ok ýaraglary we granata ýüklenen pilotsyz uçar ulanylyp amala aşyrylypdyr. Pidalaryň hemmesi altyn gazyp çykarýan kompaniýada işleýän hytaý raýatlarydy.
Ministrlik Täjigistanyň we Owganystanyň serhetýaka sebitlerinde howpsuzlygy berkitmek we özara peýdaly hyzmatdaşlyk atmosferasyny saklamak boýunça Duşenbäniň dowam etdirýän tagallalaryna garamazdan, goňşy ýurtda hereket edýän jenaýatçy toparlaryň serhetýaka sebitlerdäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen hüjümleri dowam etdirýändigini belledi.
Täjik tarapy waka barada çuňňur alada bildirdi, hüjümçileriň hereketlerini berk ýazgardy we de-fakto owgan häkimiýetlerini döwlet serhediniň umumy böleginde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmäge çagyrdy.
